Türkmenistan täze multimodal ulag geçelgesiniň döredilmegine gatnaşar


4 döwletiň - Gyrgyzystanyň, Russiýanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň gatnaşmagynda täze multimodal ulag geçelgesiniň döredilmegi Russiýanyň Astrahan şäherinde bu döwletleriň wekilleri tarapyndan ara alnyp maslahatlaşyldy. Gepleşiklere Türkmenistandan "Türkmendenizderyayollary" agentliginiň başlygynyň orunbasary Seýitguly Baýseýidow gatnaşdy.
Rusiýanyň KHBS-niň berýän habaryna görä, taraplar Hazar deňzinde yzygiderli nawigasiýa gurmak bilen baglanyşykly guramaçylyk meselelerine garadylar. Deňiz üsti boýunça ýük daşamak taslama gatnaşýan ähli ýurtlaryň ykdysadyýetiniň ösüşine oňyn täsir eder – diýip, gepleşiklerde Astrakhan oblastynyň hökümet wekili Denis Afanasýew aýtdy.
Onuň sözlerine görä, täze ulag geçelgesiniň "gury" bölegi Gyrgyzystanda başlanar we Özbegistanyň, Türkmenistanyň çäklerinden geçip, Halkara Türkmenbaşy porty arkaly Russiýa baryp ýeter. Soňra ýük rus portlarynyň üsti arkaly paýlanar.
Seýitguly Baýseýdow hem öz gezeginde türkmen hökümetiniň hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýändigini we Astrahan-Türkmenbaşy ugry boýunça ýük gatnawyny artdyrmak üçin ýük daşaýan kompaniýalary bu taslama çekmäge, şeýle hem türkmen deňiz portunda ýeňillikli hyzmatlary hödürlemäge taýýardygyny aýtdy. Ol 2022-nji ýylda Türkmenistan bilen Astrahan oblastynyň Olýa portunda (Russiýa Federasiýasy) Türkmenistanyň logistika merkezini döretmek barada ylalaşandygyny ýatlatdy.
ORIENT news








