TDHÇB-daky söwdalaşyklar: içerki bazarda nebit koksy uly islege eýe boldy


Duşenbe güni, 16-njy ýanwarda Türkmenistanyň döwlet haryt-çig mal biržasyndaky söwdalaşyklarda umumy bahasy 103,6 mln türkmen manadyna deň bolan 4 sany geleşik baglaşyldy – diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.
Içerki bazarda ýerli telekeçiler nebitiň jemleýji koksunyň jemi 9 müň tonnasyny 100,8 mln TMT, şeýle hem nebitiň ýakylan koksunyň 200 tonnasyny 2,8 mln TMT satyn aldylar.
Söwdalaşyklara goýlan harytlar barada maglumatlar bilen Türkmenistanyň Döwlet haryt we çig mal biržasynyň resmi web saýty arkaly şu ýerden tanşyp bilersiňiz.
Oba hojalygy, senagat we aragatnaşyk bölümlerinde, şeýle hem söwda toplumynda söwdalaşyk duşenbe-anna günleri 16:00-da, şenbe güni sagat 11:30-da başlanýar. Nebit we gaz pudagynda birža söwdasy duşenbe-anna günleri 16:30-da, şenbe güni 12:00-da başlanýar.
Şol bir wagtyň özünde, tmex.gov.tm web sahypasynda, birža harytlaryny gönümel öndürijilerden satmak teklipleri bilen funksional platformanyň üsti bilen habarlaşyp bilersiňiz. Şeýle hem birža harytlarynyň satuwy barada bildirişleri hem çap edip bolýar.
ORIENT habarlar








