Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň goranmak ministrligi okuwçylaryň harby mekdeplere kabul edişligiň başlanandygyny yglan etdi

Ýanwar 16, 2023 | 15:56 |4751
Türkmenistanyň Goranmak Ministrliginiň ýöriteleşdirilen mekdepleri 2023-2024-nji okuw ýyly üçin kabul edişligiň başlanandygyny yglan etdi. 
14-15 ýaşa ýeten, orta mekdebiň 8-nji synpyny tamamlan raýatlar mekdebiň okuwçylary bolup bilerler. Okuwyň möhleti 4 ýyl. Bu mekdeplerde harby taýýarlygyň esaslaryny çuňňur öwrenmek boýunça, beden we ruhy terbiýäni kämilleşdirmek boýunça işler alnyp barylýar.Türkmenistanyň Goranmak Ministrliginiň ýöriteleşdirilen mekdepleri 2023-2024-nji okuw ýyly üçin kabul edişligiň başlanandygyny yglan etdi. 
14-15 ýaşa ýeten, orta mekdebiň 8-nji synpyny tamamlan raýatlar mekdebiň okuwçylary bolup bilerler. Okuwyň möhleti 4 ýyl. Bu mekdeplerde harby taýýarlygyň esaslaryny çuňňur öwrenmek boýunça, beden we ruhy terbiýäni kämilleşdirmek boýunça işler alnyp barylýar.
Çeşme: milligosun.gov.tm

Türkmenistanyň Goranmak Ministrliginiň ýöriteleşdirilen mekdepleri 2023-2024-nji okuw ýyly üçin kabul edişligiň başlanandygyny yglan etdi. 14-15 ýaşa ýeten, orta mekdebiň 8-nji synpyny tamamlan raýatlar mekdebiň okuwçylary bolup bilerler. Okuwyň möhleti 4 ýyl. Bu mekdeplerde harby taýýarlygyň esaslaryny çuňňur öwrenmek boýunça, beden we ruhy terbiýäni kämilleşdirmek boýunça işler alnyp barylýar.

Harby mekdepleriň dalaşgärleri aşakdaky resminamalaryň sanawy bilen ýerli harby wekillige arza tabşyrmalydyrlar:

  1. Dalaşgäriň ene-atasynyň onuň harby mekdebiň okuwçysy bolmagyna razydygy baradaky ýazmaça tassyklamasy (eger-de ene-atasy Türkmenistanyň çäginde ýaşamaýan bolsa, degişli resminamany Döwlet migrasiýa gullugy berýär);
  2. Ene-atasynyň pasporty;
  3. Anketa we terjimehal;
  4. Dogluş hakynda şahadatnama;
  5. Orta mekdepde ýetişigi baradaky kepilnama (1, 2 we 3 çärýekleriň bahalary);
  6. 3х4 ölçegde 6 surat, 4х6 ölçegde 4 surat, 9х12 ölçegde 2 surat;
  7. Orta mekdep tarapyndan berlen häsiýetnama;
  8. Mekdebiň direktory tarapyndan tassyklanan şahsy iş;
  9. Saglyk kartasy, ýaşaýan ýerinden saglyk ýagdaýy barada kepilnama;
  10. Sanjymlar baradaky öňüni alyş kartasy;
  11. Ýaşaýan ýeri barada kepilnama we maşgala ýagdaýy barada maglumat;
  12. Ene-atasynyň biriniň ölendigi barada kepilnama (eger-de bar bolsa);

Geçmek üçin esasy şert – mekdep maksatnamasynyň 8-nji synpa çenli ähli dersleri boýunça test-synag we türkmen dilinden diktant. Synag-testi üstünlikli tabşyran dalaşgärler umumy ýaşaýyş jaýynda ýer, dört wagtyna iýmit we dynç almak üçin gerekli serişdeler bilen üpjün ediler.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Pakistanda kömür känindäki partlama 34 magdançynyň ömrüni kesdi, ýene 8 adam hem harabalygyň astynda

Pakistanda kömür känindäki partlama 34 magdançynyň ömrüni kesdi, ýene 8 adam hem harabalygyň astynda

13:22 Awgust 01, 2026
Russiýanyň Hökümeti ýangyjyň eksportyna girizilen doly gadagançylygy 2027-nji ýylyň 31-nji ýanwaryna çenli uzaltdy

Russiýanyň Hökümeti ýangyjyň eksportyna girizilen doly gadagançylygy 2027-nji ýylyň 31-nji ýanwaryna çenli uzaltdy

19:30 Iýul 31, 2026
Garagumdaky “Çemmerli” gaz käninde tebigy gazyň täze akymy alyndy

Garagumdaky “Çemmerli” gaz käninde tebigy gazyň täze akymy alyndy

17:40 Iýul 31, 2026