Kataryň we BAE-niň energetika ministrleri gazyň ýene-de uzak wagt gerek boljakdygyny aýtdylar


Şenbe güni Kataryň we Birleşen Arap Emirliklerniň energetika ministrleri dünýä üçin tebigy gazyň uzak wagtyň dowamynda gerek boljakdygyny, şoňa görä-de, ibermegiň howpsuzlygyny hem-de ählumumy energetika özgertmeleriniň geçýän mahaly, elýeterli bahalary üpjün etmek üçin goşmaça maýa goýumlarynyň zerur boljakdygyny aýtdylar.
Kataryň döwlet energetika ministri Saad al-Kaabi 14-15-nji ýanwarda Abu-Dabide geçýän Atlantika geňeşiniň Ählumumy energetika sammitinde çykyş edip, Ýewropadaky ýumşak gyşyň bahalaryň peselmegine getirendigini, ýöne, bazara gazyň onçakly köp gelip gowuşmaýandygyny göz öňünde tutanyňda, beýle üýtgemeleriň “biraz wagt” saklanjakdygyny beýan etdi.
Kataryň ministri pikirini paýlaşyp, ahyrky netijede, rus gazynyň Ýewropa dolanyp barjakdygyny aýtdy.
“Ýöne, meniň pikirimçe, rus gazy Ýewropa dolanar. Geljek ýylmy, ýene bäş ýyldanmy – men bilemok. Ýöne, ýagdaýlar aýdyňlaşanda. Bu bolsa bütin gaz ulgamy üçin we Ýewropadaky tutuş energiýa bazary üçin uly ýeňillik bolar diýip, pikir edýärin” diýip, al-Kaabi sözüniň üstüni ýetirdi.
BAE-niň energetika ministri Suheýl al-Mazrui Abu-Dabidäki şol forumda çykyş edip, “gazyň örän uzak wagt gerek boljakdygy” bilen ylalaşdy we gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerinden has köp peýdalanyljakdygyna garamazdan, binýatlyk hökmünde gaza goşmaça maýa goýumlarynyň zerurdygyny aýtdy.
“Bütin dünýä serişdeler barada hem-de gazy elýeterli etmek üçin kompaniýalara ony nädip köp öndürmäge mümkinçilik bermelidigi barada pikir etmel” diýip, Mazrui aýtdy.
Saad al-Kaabiniň pikirine görä, gaz “geçiş döwrüniň ýangyjy bolman, niýetlenen ugrunyň ýangyjydyr, şoňa görä-de, Günbataryň “ýaşyl” energiýa ymtylmasynyň çäklerinde ol ýerdäkileriň käbirleri tarapyndan Afrika ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin örän zerur hem-de dünýäniň uly islege mätäç wagtynda ol ýurtlaryň nebiti we gazy burawlamaly däldigi barada aýdylmagy adalatsyz bolardy.
Mazrui hem köp ýurtlaryň “düşnüksiz” strategiýasynyň uzak möhletleýin gaz şertnamalaryny baglaşmaga päsgelçilik berýändigini, munuň bolsa öz nobatynda, energetika kompaniýalaryna önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmaga maýa goýmak üçin maliýeleşdirmegi kynlaşdyrýandygyny aýtdy.
ORIENT news








