Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Göreşeris - Mingazow AFK-nyň Pariž 2024 saýlama ýaryşlaryna gatnaşmak üçin zenanlar ýygyndy toparynyň mümkinçiligi barada

Ýanwar 16, 2023 | 01:07 |16049
12-nji ýanwarda Aziýa Futbol Konfederasiýasy Aziýa yklymy üçin 2024-nji ýylda geçiriljek aýal-gyzlar Olimpiýa saýlama oýunlarynyň birinji tapgyry üçin bije çekişlik geçirdi.12-nji ýanwarda Aziýa Futbol Konfederasiýasy Aziýa yklymy üçin 2024-nji ýylda geçiriljek aýal-gyzlar Olimpiýa saýlama oýunlarynyň birinji tapgyry üçin bije çekişlik geçirdi.
Çeşme: gettyimages.com

12-nji ýanwarda Aziýa Futbol Konfederasiýasy Aziýa yklymy üçin 2024-nji ýylda geçiriljek aýal-gyzlar Olimpiýa saýlama oýunlarynyň birinji tapgyry üçin bije çekişlik geçirdi.

Onuň netijelerine görä, Türkmenistanyň zenanlar topary G toparyna düşdi. Kamil Mingazowyň topary Hindistan we Gyrgyzystan bilen bäsleşer.

Milli ýygyndynyň baş tälimçisi Kamil Mingazow ORIENT bilen ýakyn wagtda geçiriljek ýaryşda Türkmenistanyň mümkinçilileri baradaky çaklamasy bilen paýlaşdy.

― Mümkinçilikler deňdir. Hindistanyň toparyna göwnümiz ýetýär, emma biz topardan çykmak üçin göreşeris" – diýip, hünärmen aýtdy.

Häzirki wagtda geljekki çempionatlara taýýarlygyň çäklerinde Aşgabatda 17 ýaşdan 20 ýaşa çenli gyzlaryň gatnaşmagynda okuw-türgenleşikler geçirilýär.

― 4-nji ýanwardan başlap, Aşgabadyň stadionlarynda türgenleşik geçýäris. Milli ýygyndy topara dalaşgärler ähli welaýatlardan geldiler - diýip, baş tälimçi sözüni dowam etdirýär. – Seçip alyş işleri geçirildi. Meýilnamamyzda - Olimpiýa şäherçesine taýýarlyk görmek. Ýetip gelýän Aziýa kubogy 2024 U-20 saýlama oýunlaryna (6-12-nji mart - Bangladeş), Aziýa kubogy 2024 U-17 saýlama oýunlaryna (22-30-njy aprel - Singapur) we 2024-nji ýyldaky Olimpiýa saýlama oýunlaryna (3-nji aprel 11-nji aprel) taýýarlyk görýäris.

2023-nji ýylyň başynda Türkmenistanyň Futbol federasiýasy zenanlar ýygyndy toparynyň baş tälimçisi Kamil Mingazow bilen şertnamanyň möhletiniň uzaldylýandygyny habar berdi.

2024-nji ýylda geçiriljek Olimpiýadanyň saýlama oýunlarynyň birinji tapgyrynyň bije çekişliginiň netijeleri:

A topary: Özbegistan, Iordaniýa, Gündogar Timor, Butan.

B topary: Mýanma, Eýran, Bangladeş, Maldiwler.

C topary: Wýetnam, Nepal, Palestina, Owganystan.

D topary: Taýland, Mongoliýa, Singapur, Şri-Lanka.

E topary: Filippinler, Gonkong, Täjigistan, Pakistan.

Группа F: Китайский Тайбэй, Индонезия, Ливан.

F topary: Hytaý Taýpeýi, Indoneziýa, Liwan.

G topary: Türkmenistan, Hindistan, Gyrgyzystan.

Artur PETROSYANS

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmen wekiliýeti Niderlandlarda ahalteke atlarynyň dünýä çempionatyna taýarlygyň barşy bilen tanyşýarlar

Türkmen wekiliýeti Niderlandlarda ahalteke atlarynyň dünýä çempionatyna taýarlygyň barşy bilen tanyşýarlar

22:22 Awgust 05, 2026
Özbegistan ICCA-a agza boldy: ýurt dünýä forumlary we kongresleri üçin täze meýdança öwrüler

Özbegistan ICCA-a agza boldy: ýurt dünýä forumlary we kongresleri üçin täze meýdança öwrüler

22:04 Awgust 05, 2026
Beýik Britaniýa Chevening talyp haky maksatnamasy üçin resminamalaryň kabul edilip başlanandygyny yglan etdi

Beýik Britaniýa Chevening talyp haky maksatnamasy üçin resminamalaryň kabul edilip başlanandygyny yglan etdi

21:52 Awgust 05, 2026