HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Dubaýda 3D tehnologiýasy boýunça dünýäde ilkinji metjit gurlar

Ýanwar 15, 2023 | 04:27 |7183
Birleşen Arap Emirliklerinde 3D tehnologiýasynyň kömegi bilen dünýäde ilkinji metjit gurlar. Iki müň inedördül metr meýdany eýelejek özboluşly täsin binany Bur-Dubaýyň taryhy künjeginde gurmak meýilleşdirilýär diýip, The National emirlikler neşiri habar berýär.Birleşen Arap Emirliklerinde 3D tehnologiýasynyň kömegi bilen dünýäde ilkinji metjit gurlar. Iki müň inedördül metr meýdany eýelejek özboluşly täsin binany Bur-Dubaýyň taryhy künjeginde gurmak meýilleşdirilýär diýip, The National emirlikler neşiri habar berýär.
Çeşme: emirates247.com

Birleşen Arap Emirliklerinde 3D tehnologiýasynyň kömegi bilen dünýäde ilkinji metjit gurlar. Iki müň inedördül metr meýdany eýelejek özboluşly täsin binany Bur-Dubaýyň taryhy künjeginde gurmak meýilleşdirilýär diýip, The National emirlikler neşiri habar berýär.

Metjit tutuşlygna 3D printerde çykarylar. Munuň üçin dört aý gerek bolar we ýene-de bir ýyl hünärmenler binany enjamlaşdyrmak hem-de bezeg işlerini ýerine ýetirmek bilen meşgullanarlar. Taslama eýýäm 2023-nji ýylyň oktýabr aýynda badalga berler – gurluşyk 16 aýa golaý wagty öz içine alar.

“3D neşir tehnologiýasynyň ulanylmagy gurluşyk serişdeleriniň sarp edilişini azaltmaga mümkinçlik berer. Mundan başga-da, bu usul tebigata zeper ýetirmeýär hem-de biziň parasatly ýolbaşçylarymyzyň garaýşyny beýan edýär” diýip, neşir emirligiň Yslam we haýyr-sahawat meseleleri boýunça departamentiniň baş direktory Hamad aş-Şaýbaniniň aýdan pikirini getirýär.

Taslamanyň üstünde işleýän inženerler eksperimental häsiýetli bolandygy sebäpli, metjidi adaty usul bilen guranyňdakydan, bu gurluşygyň 30% gymmat düşjekdigini boýun aldylar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Söwda paçlarynyň netijesinde ABŞ-a garaşlylygy azaltmak üçin kanadaly öndürijiler täze bazarlary we pudaklary gözleýärler

Söwda paçlarynyň netijesinde ABŞ-a garaşlylygy azaltmak üçin kanadaly öndürijiler täze bazarlary we pudaklary gözleýärler

23:00 Sentýabr 16, 2026
IAEA 2060-njy ýyla çenli atom energetikasynyň üç esse artmagyny çaklaýar

IAEA 2060-njy ýyla çenli atom energetikasynyň üç esse artmagyny çaklaýar

21:00 Sentýabr 16, 2026
Türkiýede 2-nji Ýakyn Gündogar azyk sergisi MFF 2026 geçiriler

Türkiýede 2-nji Ýakyn Gündogar azyk sergisi MFF 2026 geçiriler

20:52 Sentýabr 16, 2026