BAE turbageçirijiler arkaly gaz üpjünçiligini ösdürer - energetika ministri
Ýanwar 15, 2023 | 02:57 |10006


“Birleşen Arap Emirlikleri (BAE) turbageçiriji arkaly gaz üpjünçiligini ösdürmäge maýa goýmagy meýilleşdirýär” – diýip, BAE-niň Energetika we infrastruktura ministri Suheil al-Mazrui şenbe güni Abu Dabide energiýa forumynyň açylyşynda aýtdy. Maslahat sosial ulgamlarda ýaýlyma berildi.
“Katar we Oman bilen bilelikde ýurtlarymyza gaz ibermek üçin turbageçiriji döretdik, turbageçirijiler arkaly gaz üpjünçiligi energiýa howpsuzlygyna köp goşant goşýar. Biz geljekde-de gazyň elýeter we amatly bahadan bolmagy üçin şular ýaly taslamalary has köp etmeli we biz şular ýaly maýa goýumlaryny göz öňünde tutýarys" – diýip, ministr aýtdy.
Nury AMANOW








