HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Amerikan Geňeşi 2023-nji ýylyň alyş-çalyş maksatnamasyna gatnaşyjylar üçin mugallymyň kömekçisini işe alýar

Ýanwar 14, 2023 | 23:01 |4849
Türkmenistandaky Amerikan geňeşi 2023-nji ýylyň alyş-çalyş maksatnamasyna gatnaşyjylar üçin mugallymyň kömekçisiniň iş ornuny yglan etdi.Türkmenistandaky Amerikan geňeşi 2023-nji ýylyň alyş-çalyş maksatnamasyna gatnaşyjylar üçin mugallymyň kömekçisiniň iş ornuny yglan etdi.
Çeşme: pinterest.com

Türkmenistandaky Amerikan geňeşi 2023-nji ýylyň alyş-çalyş maksatnamasyna gatnaşyjylar üçin mugallymyň kömekçisiniň iş ornuny yglan etdi.

Kömekçi alyş-çalyş maksatnamasynyň gatnaşyjylaryny taýýarlamakda Amerikan geňeşiniň materiallaryny ulanmak arkaly mugallyma kömek etmelidir; uçurym hökmünde öz tejribesini paýlaşmalydyr, şeýle hem talyplary ABŞ-nyň taryhy we kabul edýän amerikan maşgalasynyň durmuşybilen tanyşdyrmalydyr.

Aprel aýynda mugallymlary okatmak boýunça dört hepdelik seminary geçip we sapaklaryň meýilnamasy bilen içgin tanyşyp, kömekçi talyplary taýýarlamak boýunça duşuşyklara işjeň gatnaşmalydyr, uçurymlaryň gatnaşmagynda degişli sessiýalary geçirmelidir.

Hünär derejesi:

Mugallymyň kömekçisi alyş-çalyş maksatnamasynyň (FLEX/YES) uçurymy bolmalydyr we tamamlanan orta bilimli we ozal talyplary sapara taýýarlamagyň azyndan bir tapgyryny okadan bolmalydyr.

Ol şeýle hem 2023-nji ýylyň iýun ýa-da iýul aýynda PDO-nyň iki ýa-da üç tapgyryny okatmak üçin elýeterli bolmalydyr (maksatnamanyň merkeziniň direktorynyň karary bilen kesgitlenýär).

Şahsyýetara aragatnaşyk başarnyklary we dürli ýaşdaky we dürli medeni gelip çykyşly adamlar bilen işleşmek ukyby makullanýar.

Gyzyklanýan adamlar degişli görnüşdäki arzany doldurmalydyrlar arza, düzme ýazmaly we şu elektron poçta arkaly ugratmaly: flex@americancouncilstm.org.

Ýüz tutmalary tabşyrmagyň soňky möhleti: 2023-nji ýylyň 3-nji fewraly

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Beýik Britaniýada adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk kampaniýasy alada we satyn alyşlaryň artmagyna sebäp boldy

Beýik Britaniýada adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk kampaniýasy alada we satyn alyşlaryň artmagyna sebäp boldy

20:00 Noýabr 02, 2026
Hytaýyň DIM-niň başlygynyň orunbasary Ma Çžaýsu G20 ýurtlaryny ählumumy howpsuzlygy berkitmäge çagyrdy

Hytaýyň DIM-niň başlygynyň orunbasary Ma Çžaýsu G20 ýurtlaryny ählumumy howpsuzlygy berkitmäge çagyrdy

18:00 Noýabr 02, 2026
Nýurnbergde oýlap tapyşlaryň 78-nji halkara iENA sergisi geçirilýär

Nýurnbergde oýlap tapyşlaryň 78-nji halkara iENA sergisi geçirilýär

16:00 Noýabr 02, 2026