HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Öňüni alyş diplomatiýasynyň Akademiýasyna ýüz tutmalary kabul etmek başlandy

Ýanwar 14, 2023 | 16:48 |7950
Merkezi Aziýa ýurtlary üçin öňüni alyş diplomatiýasynyň Aşgabatdaky sebitleýin merkeziniň öňüni alyş diplomatiýasynyň Akademiýasynadiňleýjileriň täze topary üçin ýüz tutmalary kabul edip başlady – diýip, guramanyň resmi saýty habar berýär.Merkezi Aziýa ýurtlary üçin öňüni alyş diplomatiýasynyň Aşgabatdaky sebitleýin merkeziniň öňüni alyş diplomatiýasynyň Akademiýasynadiňleýjileriň täze topary üçin ýüz tutmalary kabul edip başlady – diýip, guramanyň resmi saýty habar berýär.
Çeşme: unrcca.unmissions.org

Merkezi Aziýa ýurtlary üçin öňüni alyş diplomatiýasynyň Aşgabatdaky sebitleýin merkeziniň öňüni alyş diplomatiýasynyň Akademiýasynadiňleýjileriň täze topary üçin ýüz tutmalary kabul edip başlady – diýip, guramanyň resmi saýty habar berýär.

Bu Merkezi Aziýadan we Owganystandan bolan başlangyç bilen çykyş edip biljek ýaşlar üçin liderlik we netijeli kommunikasiýa başarnyklaryny edinmek, şeýle hem öňüni alyş diplomatiýasy, dawalaryň öňüni almak, medeniýetara aragatnaşyk, maglumat howpsuzlygy ugurlarynda bilimlerini giňeltmek üçin ajaýyp mümkinçilikdir.

Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň we Owganystanyň 18 ýaşdan 29 ýaşa çenli bolan, syýasatşynaslyk, halkara ykdysady gatnaşyklar, hukukşynaslyk, sosiologiýa ugrundan okuwa girmegi meýilleşdirýän ýa-da ýokary okuw mekdeplerinde okaýan raýatlar ýüz tutmalary tabşyryp bilerler.

Gyzyklanýan taraplar degişli arzany doldurmaly форму заявки, rus ýa-da iňlis dilinde aşakdaky soraglara jogap berýän höweslendirji haty ýazmaly (300 söze çenli):

– Öňüni alyş diplomatiýasynyň Akademiýasy sizi näderejede gyzyklandyrdy?
– Sizi näme höweslendirýär?
– Siz Akademiýanyň sebitara toruna nä derejedepeýdaly bolup bilersiňiz?

Şeýle hem dalaşgärler özi hakda “Men näme üçin öňüni alyş diplomatiýasynyň Akademiýasynda okamaga taýýar” diýen uly bolmadyk wideo şekil düşürmelidirler (30-60 sekund).

Ýüz tutmalar 2023-nji ýylyň 31-nji ýanwaryna çenli kabul edilýär.

Bäsleşigiň birinji tapgyryndan üstünlikli geçenler onlaýn-söhbetdeşlige çagyrylarlar. Bäsleşigiň ýeňijileri elektron poçta arkaly habar alarlar.

Akademiýadaky sapaklaryň aglaba bölegi onlaýn – formatda geçiriler.

Okuwy geçenlerinden soňra Sebitleýin merkeziň öňüni alyş diplomatiýasy Akademiýasynyň uçurymlarynyň sebitara torunyň hatarlaryny doldurarlar. Olar şeýle hem MAÖDSM-i tarapyndan we BMG-niň ulgamyndaky beýleki düzümler tarapyndan gurnalýan çärelere gatnaşmaga mümkinçilik alarlar.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Söwda paçlarynyň netijesinde ABŞ-a garaşlylygy azaltmak üçin kanadaly öndürijiler täze bazarlary we pudaklary gözleýärler

Söwda paçlarynyň netijesinde ABŞ-a garaşlylygy azaltmak üçin kanadaly öndürijiler täze bazarlary we pudaklary gözleýärler

23:00 Sentýabr 16, 2026
IAEA 2060-njy ýyla çenli atom energetikasynyň üç esse artmagyny çaklaýar

IAEA 2060-njy ýyla çenli atom energetikasynyň üç esse artmagyny çaklaýar

21:00 Sentýabr 16, 2026
Türkiýede 2-nji Ýakyn Gündogar azyk sergisi MFF 2026 geçiriler

Türkiýede 2-nji Ýakyn Gündogar azyk sergisi MFF 2026 geçiriler

20:52 Sentýabr 16, 2026