HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan bilen Özbegistan bilelikdäki çäreler bilen diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyllygyny bellärler

Ýanwar 13, 2023 | 05:07 |8742
Türkmenistanyň Daşkentdäki ilçisi Ýazguly Mämmedow penşenbe güni Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji  Bahtiýor Saidow bilen duşuşdy.Türkmenistanyň Daşkentdäki ilçisi Ýazguly Mämmedow penşenbe güni Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji  Bahtiýor Saidow bilen duşuşdy.
Çeşme: orient.tm

Türkmenistanyň Daşkentdäki ilçisi Ýazguly Mämmedow penşenbe güni Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Bahtiýor Saidow bilen duşuşdy.

Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn dostluk gatnaşyklarynyň, hoşniýetli goňşuçylyk we strategiki hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerine garaldy. “Ýokary derejeli saparlaryň netijesinde gazanylan ylalaşyklaryň hemmetaraplaýyn durmuşa geçirilmegine aýratyn üns berildi” – diýlip, Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň saýtynda habar berilýär.

Söwda dolanyşygynyň görkezijilerini ýokarlandyrmak, söwda we senagat hyzmatdaşlygy ugurlarynda bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegini çaltlaşdyrmak üçin anyk teklipler ara alnyp maslahatlaşyldy. Söhbetdeşler iki ýurduň hem medeni we gumanitar gatnaşyklary güýçlendirmäge taýýardygyny tassykladylar.

Şeýle hem, diplomatlar ýurtlaryň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygynyň bellenilmeginiň çäklerinde bilelikdäki çäreleriň tertibi barada pikir alyşdylar.

Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1993-nji ýylyň 7-nji fewralynda resmi taýdan ýola goýuldy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Söwda paçlarynyň netijesinde ABŞ-a garaşlylygy azaltmak üçin kanadaly öndürijiler täze bazarlary we pudaklary gözleýärler

Söwda paçlarynyň netijesinde ABŞ-a garaşlylygy azaltmak üçin kanadaly öndürijiler täze bazarlary we pudaklary gözleýärler

23:00 Sentýabr 16, 2026
IAEA 2060-njy ýyla çenli atom energetikasynyň üç esse artmagyny çaklaýar

IAEA 2060-njy ýyla çenli atom energetikasynyň üç esse artmagyny çaklaýar

21:00 Sentýabr 16, 2026
Türkiýede 2-nji Ýakyn Gündogar azyk sergisi MFF 2026 geçiriler

Türkiýede 2-nji Ýakyn Gündogar azyk sergisi MFF 2026 geçiriler

20:52 Sentýabr 16, 2026