HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Bir ýyl möhletli: Maryda edebi bäsleşik yglan edildi

Ýanwar 13, 2023 | 04:57 |7084
Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Mary bölümi "Mary-Şahu Jahan" welaýat gazetiniň redaksiýasy bilen bilelikde döredijilik bäsleşigini yglan etdi.Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Mary bölümi "Mary-Şahu Jahan" welaýat gazetiniň redaksiýasy bilen bilelikde döredijilik bäsleşigini yglan etdi.
Çeşme: Suleiman Charyev

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Mary bölümi "Mary-Şahu Jahan" welaýat gazetiniň redaksiýasy bilen bilelikde döredijilik bäsleşigini yglan etdi.

Edebi bäsleşik 2023-nji ýylyň wajyp senelerine - Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň 32 ýyllygyna, ýurduň bitaraplygynyň 28 ýyllygyna we Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň döredilmeginiň 32 ýyllygyna bagyşlanýar.

Döredijilik bäsleşiginiň esasy maksady – şahsyýetiň, maşgalanyň, jemgyýetiň we döwletiň ösüşiniň gymmatlyk-semantik özeni hökmünde watançylyk duýgularyny açyp görkezmekdir. Bäsleşigiň esasy wezipesi intellektual döredijiligi höweslendirmekden, ülkäniň we ýurduň gazananlaryny görkezmekden we dünýä ýaýmakdan, jemgyýetiň intellektual potensialyny ösdürmegiň sosial meselelerine ünsi çekmekden ybarat.

Bäsleşige gatnaşmak üçin publisistik materiallary, çeper eseri, goşgular toplumlaryny emin agzalarynyň garamagyna hödürlemeli, şeýle hem öz şahsy maglumatlaryňyzy görkezmeli.

Bäsleşigiň netijeleri 2023-nji ýylyň dekabrynda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Mary bölüminiň we “Mary-Şahu Jahan” gazetiniň bilelikdäki mejlisinde jemlener. Ýeňijiler birnäçe nominasiýa boýunça kesgitlener:

― publisistika (makalalar, oçerkler we ş.m.)

― çeper eserler (hekaýalar, nowellalar we ş.m.)

― goşgular ýygyndysy

Eserler gazetiň redaksiýasynyň marushahujahangazeti@online.tm. elektron salgysyna iberilmeli.

Artur PETROSYANS

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
188 adam heläk boldy, 1520 adam ýaralandy, 200 töweregi adam henizem harabalyklaryň astynda: goşa ýer titremesinden soň Wenesuela wagt bilen göreşýär

188 adam heläk boldy, 1520 adam ýaralandy, 200 töweregi adam henizem harabalyklaryň astynda: goşa ýer titremesinden soň Wenesuela wagt bilen göreşýär

20:00 Iýun 26, 2026
Yrak OPEC-den çykýandygy baradaky myş-myşlary ret etdi: ýurt guramadan çykmagy däl-de, kwotalaryň täzeden gözden geçirilmegini isleýär

Yrak OPEC-den çykýandygy baradaky myş-myşlary ret etdi: ýurt guramadan çykmagy däl-de, kwotalaryň täzeden gözden geçirilmegini isleýär

18:59 Iýun 26, 2026
Tecno kompaniýasy uly kuwwatly batareýaly ultra-inçe Camon 50 Slim smartfonyny çykardy

Tecno kompaniýasy uly kuwwatly batareýaly ultra-inçe Camon 50 Slim smartfonyny çykardy

17:45 Iýun 26, 2026