HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanda Global GAP obasenagat standartlary boýunça milli topary döretmek meýilleşdirilýär

Ýanwar 13, 2023 | 03:57 |14240
Penşenbe güni Aşgabatda geçirilen maslahatlaşmalarda Türkmenistanda Global GAP boýunça Milli tehniki iş toparyny döretmegiň mümkinçilikleri, şeýle hem onuň ýurduň oba hojalyk öndürijilerine we ykdysadyýetine getirip biljek peýdasy ara alnyp maslahatlaşyldy. Çäre “Merkezi Aziýada howpsuz migrasiýa” atly ABŞ-nyň halkara ösüş boýunça agentliginiň (USAID) maksatnamasy tarapyndan Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi hem-de Germaniýanyň Global GAP oba hojalyk önümleriniň hil standartyny sertifikatlaşdyrmak boýunça kompaniýasy bilen bilelikde Türkmenistanyň ykdysatçylar birleşiginiň gatnaşmagyna geçirildi.Penşenbe güni Aşgabatda geçirilen maslahatlaşmalarda Türkmenistanda Global GAP boýunça Milli tehniki iş toparyny döretmegiň mümkinçilikleri, şeýle hem onuň ýurduň oba hojalyk öndürijilerine we ykdysadyýetine getirip biljek peýdasy ara alnyp maslahatlaşyldy. Çäre “Merkezi Aziýada howpsuz migrasiýa” atly ABŞ-nyň halkara ösüş boýunça agentliginiň (USAID) maksatnamasy tarapyndan Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi hem-de Germaniýanyň Global GAP oba hojalyk önümleriniň hil standartyny sertifikatlaşdyrmak boýunça kompaniýasy bilen bilelikde Türkmenistanyň ykdysatçylar birleşiginiň gatnaşmagyna geçirildi.
Çeşme: Suleiman Charyev

Penşenbe güni Aşgabatda geçirilen maslahatlaşmalarda Türkmenistanda Global GAP boýunça Milli tehniki iş toparyny döretmegiň mümkinçilikleri, şeýle hem onuň ýurduň oba hojalyk öndürijilerine we ykdysadyýetine getirip biljek peýdasy ara alnyp maslahatlaşyldy. Çäre “Merkezi Aziýada howpsuz migrasiýa” atly ABŞ-nyň halkara ösüş boýunça agentliginiň (USAID) maksatnamasy tarapyndan Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi hem-de Germaniýanyň Global GAP oba hojalyk önümleriniň hil standartyny sertifikatlaşdyrmak boýunça kompaniýasy bilen bilelikde Türkmenistanyň ykdysatçylar birleşiginiň gatnaşmagyna geçirildi.

Duşuşykda Merkezi Aziýadaky we beýleki ýurtlardaky öňdebaryjy tejribelere syn berilmegi bilen, Global GAP Milli tehniki iş toparlarynyň guraly bilen tanyşdyryldy, bu standartlaryň Türkmenistanda ornaşdyrylyşyndaky ösüşe baha berildi.

Global GAP – bütindünýäde oba hojalyk önümlerini meýletin sertifikasiýalaşdyrmak üçin talaplary kesgitleýän garaşsyz gurama. Onuň esasy maksady ähli görnüşli oba hojalyk önümlerine ulanyp bolýan «degişli oba hojalyk tejribesiniň» (Good Agricultural Practice - G.A.P.) ýeke-täk standartlaryny bellemekden ybaratdyr.

1.JPEG

Global GAP sertifikatlaşdyrmak maksatnamsy iýmlerden we ekişe degişli serişdelerden başlap, oba hojalyk kärhanalary tarapyndan öndürilýän taýýar önümlere çenli önümçiligiň ähli tapgyrlaryny öz içine alyp, fermerlere, bütin dünýäde bölek söwda bilen meşgullanýanlara hem-de sarp edijilere peýda getirdi. Munuň özi Germaniýanyň Kýöln şäherinde FoodPLUS GmbH tarapyndan işlenilip taýýarlanylan intellektual fermalaryň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin çözgüdiň brendidir..

Global GAP boýunça Milli tehniki iş toparynyň Türkmenistandaky işi Global GAP-yň standartlaryny ornaşdyrmak üçin amatly şertleri döretmäge, türkmen kompaniýalarynyň sertifikatlaşdyrylmagyna hem-de önümiň hili ýokarlandyrmak boýunça okuwlary geçirmek arkaly obaseanagat işewürliginiň eksport kuwwatyny artdyrmaga, ýerli maslahatçylary okatmaga gönükdirilendir. Mundan başga-da, onuň wezipesine türkmen kompaniýalarynyň wekilleriniň obasenagat ulgamyna degişli çärelre, pudaklaýyn sergilere hem-de Global GAP-a gatnaşyjy ýurtlarda (olar bolsa 40-dan gowrak döwletlerdir, şol sanda ABŞ, Germaniýa, Beýik Britaniýa, Fransiýa, Şweýsariýa, Belgiýa we beýlekiler) geçirilýän sammitlere mugt ýa-da ýeňillikli gatnaşmagyny her ýyl guramak işleri girer.

2.JPEG

Global GAP-iň bütin dünýä tarapyndan ykrar edilen hil standartlary önümçiligiň üç ugruny: ekerançylygy, maldarçylygy, suwda bitýän ösümlikleri öz içine alyp: azyk önümleriniň howpsuzlygy we olaryň gözegçiligi; daşky gurşaw we bioköpdürlilik; saglyk, howpsuzlyk we işgärleriň abadançylygy; haýwanlar barada alada; ekerançylygy toplumlaýyn dolandyrmak we zyýankeşlere garşy göreşmek; hili dolandyrmak ulgamy we töwekgelçiliklere seljerme bermek ýaly ugurlardan ybarat bolan 40-dan gowrak standartlary gurşap alýar.

Global GAP-iň standartlary tarapyndan setifikatlaşdyrmak türkmen oba hojalyk öndürijilerine ekerançylyk önümlerini – miweleri we gök önümleri, gülleri we bezeg ösümliklerini, tohumlary we beýlekiler, şeýle hem iým önümlerini we oba hojalygynyň, şol sanda maldarçylyk ulgamynyň gaýtadan işlenen önümlerini eksport etmäge mümkinçilik berer.

3.JPEG

Global GAP boýunça standartlaşdyrmak fermer hojalyklarynyň dolandyrylyşyny gowulandyrmaga kömek etmäge, oba hojalyk işleriniň netijeliligini ýokarlandrmaga, ekologiýa serişdelerini goramaga hem-de halkara bazarlaryna elýeterliligi üpjün etmäge gönükdirilendir. Ol synagdan geçendir we bütin dünýäde ynamdan peýdalanýar. GlobalG.A.P. maksatnamasy boýunça sertifikatlaşdyrmak 80 ýurtda işleýän 100-den gowrak setifikatlaşdyryş edaralary tarapyndan amala aşyrylýar.

Has giňişleýin maglumatlary saýtdan alyp bolar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Ählumumy ýokary tehnologiýalaryň merkezinde: Türkmenistan milli emeli aň strategiýasyny halkara derejä çykarýar

Ählumumy ýokary tehnologiýalaryň merkezinde: Türkmenistan milli emeli aň strategiýasyny halkara derejä çykarýar

23:15 Iýul 17, 2026
«Hayyrly Senagat» hususy kärhanasy Gruziýanyň bazaryndaky ornuny pugtalandyrýar

«Hayyrly Senagat» hususy kärhanasy Gruziýanyň bazaryndaky ornuny pugtalandyrýar

23:05 Iýul 17, 2026
Çapar Pay EKitap hyzmatyna abuna ýazylmagy has aňsatlaşdyrýar

Çapar Pay EKitap hyzmatyna abuna ýazylmagy has aňsatlaşdyrýar

22:50 Iýul 17, 2026