HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Parižde Türkmenistanyň we Fransiýanyň işewür toparlarynyň arasynda işewür duşuşyk geçirildi

Ýanwar 13, 2023 | 03:23 |9723
Çarşenbe güni Parižde Türkmenistanyň we Fransiýanyň işewür toparlarynyň wekilleriniň işewür duşuşygy geçirildi. Gepleşikler business lunch görnüşde geçirilip, oňa  VINCI Construction, CARPI Tech, MEDEF International, SAFRAN, PMJC, CIS Energy, IN Groupe, Thomson Broadcast, Oberthur, Airbus D&S, Saberatours fransuz kompaniýalarynyň we ýene-de birnäçe beýlekileriň wekilleri gatnaşdylar.Çarşenbe güni Parižde Türkmenistanyň we Fransiýanyň işewür toparlarynyň wekilleriniň işewür duşuşygy geçirildi. Gepleşikler business lunch görnüşde geçirilip, oňa  VINCI Construction, CARPI Tech, MEDEF International, SAFRAN, PMJC, CIS Energy, IN Groupe, Thomson Broadcast, Oberthur, Airbus D&S, Saberatours fransuz kompaniýalarynyň we ýene-de birnäçe beýlekileriň wekilleri gatnaşdylar.
Çeşme: Embassy of Turkmenistan in France

Çarşenbe güni Parižde Türkmenistanyň we Fransiýanyň işewür toparlarynyň wekilleriniň işewür duşuşygy geçirildi. Gepleşikler business lunch görnüşde geçirilip, oňa VINCI Construction, CARPI Tech, MEDEF International, SAFRAN, PMJC, CIS Energy, IN Groupe, Thomson Broadcast, Oberthur, Airbus D&S, Saberatours fransuz kompaniýalarynyň we ýene-de birnäçe beýlekileriň wekilleri gatnaşdylar.

Işewürleriň günortanlyk nahary görnüşindäki duşuşyga türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Fransiýadaky ilçihanasynyň diplomatlary, şeýle hem Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň hünärmenleri gatnaşdylar. Duşuşyk baradaky habary Pariždäki türkmen diplomatik wekilhanasy berdi.

Duşuşyga gatnaşyjylar Türkmenistan bilen Fransiýanyň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklary işjeňleşdirmäge gönükdirilen giň gerimli meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmenistanyň Pariždäki ilçisi Maksat Çaryýew fransuz işewürlerine ýurtda daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk etmäge döredilen amatly şertler barada gürrüň berdi hem-de Fransiýanyň işewürlerine himiýa, gaz we nebithimiýa pudaklary, dokma senagaty, oba hojalygy ýaly pudaklarda hem-de türkmen ykdysadyýetiniň geljegi uly beýleki ulgamlarynda durmuşa geçirilýän maýa goýum taslmalaryna gatnaşmagy teklip etdi.

1673541463241_1.jpeg

Şeýle hem diplomat pudaklaýyn maksatnamalar, şolarda işlenilip taýýarlanylan birnäçe taslamalar barada giňişleýin gürrüň berdi. Şol taslamalary daşary ýurt maýasynyň gatnaşmagynda amala aşyrmak maksat edinilýär.

Gepleşiklerde ýene-de bir meselä – Türkmenistanyň çäklerinde dokma we gaýtadan işleýän senagatlarda hem-de obasenagat toplumynda ýerli önüm öndürmek boýunça fransuz kompaniýalary bilen bilelikdäki kärhanalary döretmegiň mümkinçiliklerine garaldy.

Şeýle fransuz işewürleri Türkmenistanyň üstaşyr-logistika mümkinçiligi – Fransiýa bilen Türkmenistanyň, şeýle hem Aziýa-Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlarynyň arasyndaky söwdada ulanylyp bilinjek Türkmenbaşy şäheriniň halkara deňiz portunyň, demirýol we awtomobil ýollarynyň mümkinçilikleri barada giňişleýin maglumat aldylar.

1673541509766_2.jpeg

Duşuşykda türkmen biržasynyň bilermeni Türkmenistandaky birža işi, eksport we import şertnamalaryny bellige almagyň tertibi barada, şeýle hem TDHÇMB-niň üsti bilen dünýäniň köp ýurtlaryna eksport edilýän türkmen önümçiliginiň harytlary barada gürrüň berdi.

Pariždäki duşuşyk netijeli geçdi – fransuz işewürleriniň wekilleri özleriniň gyzyklandyrýan sowallara jogap, şeýle hem türkmen bilermenleri bilen pikir alşyp hem-de Türkmenistanyň Fransiýadaky ilçihanasynyň wekilleri bilen maslahatlaşyp bildiler.

Taraplar yzygiderli işewürler duşuşyklaryny geçirmek tejribesini dowam etmegiň zurudygyny bellediler we fransuz kompaniýalarynyň wekilleriniň gatnaşmagyndaky indiki gepleşikleriň Aşgabatda geçirilmegini ylalaşdylar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
ABŞ bilen Eýranyň arasyndaky gapma-garşylyk sebäpli Ormuz we Bab-el-Mandeb bogazlarynda deňiz gatnawy düýpli azaldy

ABŞ bilen Eýranyň arasyndaky gapma-garşylyk sebäpli Ormuz we Bab-el-Mandeb bogazlarynda deňiz gatnawy düýpli azaldy

22:00 Awgust 19, 2026
Günorta Afrika Respubliasynda Günorta afrika ösüş jemgyýetiniň döwlet baştutanlarynyň 46-njy sammiti açyldy — esasy tema sebit integrasiýasy boldy

Günorta Afrika Respubliasynda Günorta afrika ösüş jemgyýetiniň döwlet baştutanlarynyň 46-njy sammiti açyldy — esasy tema sebit integrasiýasy boldy

21:00 Awgust 19, 2026
Ispaniýalylar ýangyndan haýwanlary halas edip, olara umyt berýärler

Ispaniýalylar ýangyndan haýwanlary halas edip, olara umyt berýärler

20:00 Awgust 19, 2026