2023-nji ýylda Amyderýadan we Syrderýadan Merkezi Aziýa ýurtlarynyň suw gatlalarynyň çäklendirmeleri barada maglumatlar mälim edildi


“Aziýa-Plýus” täjik mediaholdingi 2023-nji ýylda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň her biriniň Amyderýadan we Syrderýadan suwuň näçe möçberini aljakdygy baradaky maglumatlary yglan etdi.
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň suw gatlalarynyň çäklendirmeleri Aşgabatda baryp geçen ýylyň noýabrynda geçirilen Döwletara utgaşdyryjy suwhojalyk komissiýasynyň (DUSK) mejlisiniň dowamynda tassyklanylypdy.
“Aziýa-Plýusyň” maglumatlary barada, çäklendirmelere laýyklykda, bary-ýogy bir ýylda (2022-nji ýylyň 1-nji oktýabryndan, 2023-nji ýylyň 1-nji oktýabry aralykdaky döwürde) Amyderýanyň giňişliginden suw gatlasy 55.4 milliard dollara barabar bolmalydyr, şonuň 15,7 milliard möçberi suwaryşara döwrüne (2023-nji ýylyň 1-nji apreline çenli) degişlidir.
Şu ylalaşyga görä, Özbegistan 23,6 milliard kubmetre golaý suw, Türkmenistan – 22 milliard, Täjigistan – 9,8 milliard suw alar.
Syrderýanyň giňişliginden suw gatlasynyň çäklendirmesi 4,2 milliard kubmetre barabar bolup, şonuň 3,3 milliard kubmetrini Özbegistan, 452 million kubmetrini – Gazagystan, 365 million kubmetrini – Täjigistan, 47 million kubmetrini Gyrgyzystan alar.
2022-nji ýylyň suwaryş döwründe Amyderýanyň giňişliginiň suwlulygynyň birsydyrgyn bolmandygy bellenilýär: eger aprel-maýda ol kada laýyk çäklerde bolan bolsa, iýundan başlap, 85-65%-e çenli peseldi hem-de döwrüň ahyrna çenli kadadan aşakda bolmagynda galdy.
Emele gelen suwhojalyk ýagdaýynda derýa boýunça umumy çäklendirmeden jemi 79,1% suw ulanyldy, şol sanda bölünip berlen möçberden Täjigistan – 95,3%, Türkmenistan – 83,3%, Özbegistan – 68,7% ulandylar.
2022-nji ýylyň 1-nji aprelinden 30-njy sentýabry aralygynda Syrderýa giňişliginiň suw gatlalary 11,8 milliard çäklendirmesi bolmagyndan 10,1 milliard kubmetr suwa barabar boldy.
DUSK-yň nobatdaky, 84-nji mejlisi 2023-nji ýylyň aprelinde Duşenbede geçiriler. Şonda täze obahojalyk möwsüminiň suwaryş döwründe suw üpjünçiligi baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşylar.
ORIENT news








