HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Hytaýyň we Türkmenistanyň ulag taslamalarynyň bilelikde amala aşyrylmagy täze mümkinçilikleri açýar – HHR-niň DIM-i

Ýanwar 11, 2023 | 03:47 |8928
Türkmenistanyň we HHR-niň hökümetleriniň arasynda «Beýik Ýüpek ýolunyň täzeden galkynyşy» we «Bir guşak, bir ýol» halkara başlangyçlarynyň arabaglanyşygy babatda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekilmegi Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Hytaýa bolan döwlet saparynyň möhüm netijesi bolup durýar. Bu barada Hytaýyň DIM-niň resmi wekili Wenbin 10-njy ýanwarda metbugat maslahatynda aýtdy.Türkmenistanyň we HHR-niň hökümetleriniň arasynda «Beýik Ýüpek ýolunyň täzeden galkynyşy» we «Bir guşak, bir ýol» halkara başlangyçlarynyň arabaglanyşygy babatda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekilmegi Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Hytaýa bolan döwlet saparynyň möhüm netijesi bolup durýar. Bu barada Hytaýyň DIM-niň resmi wekili Wenbin 10-njy ýanwarda metbugat maslahatynda aýtdy.
Çeşme: Suleyman Charyev

Türkmenistanyň we HHR-niň hökümetleriniň arasynda «Beýik Ýüpek ýolunyň täzeden galkynyşy» we «Bir guşak, bir ýol» halkara başlangyçlarynyň arabaglanyşygy babatda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekilmegi Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Hytaýa bolan döwlet saparynyň möhüm netijesi bolup durýar. Bu barada Hytaýyň DIM-niň resmi wekili Wenbin 10-njy ýanwarda metbugat maslahatynda aýtdy.

Täze resminama HHR-niň “Bir guşak, bir ýol” başlangyjynyň we Beýik Ýüpek ýoluny täzeden dikeltmek boýunça Türkmenistanyň başlangyjynyň arasynda uly arabaglanyşygy gazanmaga, ykdysadyýet we söwda ýaly ulgamlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge mümkinçilik berer.

Munuň özi Hytaý bilen Merkezi Aziýanyň bäş ýurdunyň arasynda “Guşagyň we ýoluň” çäklerinde özara hereket etmegi üçin düýbünden täze mümkinçilikleri açýar diýip, Wenbin žurnalistleriň biriniň sowalyna beren jogabynda aýtdy.

Geçen ýylyň dowamynda bu taslamanyň çäklerindäki hyzmtdaşlyk durnukly ösüş gazanmaga mümkinçilik berip, dünýä ykdysadyýetiniň täzeden dikeldilmegine täze itergi berdi. Hytaý-Ýewropa demirýol ekspresi 16 müň gatnawlary amala aşyryp, ýylyň dowamynda 1,6 million TEU ýükleri daşady, bu bolsa geçen ýyldaky bilen deňeşdirilende 9% we 10% köpdür. “Gury ýer-deňiz” günbatar geçelgesiniň täze ugry boýunça 756 000 TEU ýükler daşaldy, bu bolsa 18,5% köpdür. Şeýle sanlary HHR-niň DIM-niň resmi wekili getirdi.

Şeýle hem ol Hytaý bilen bu ulgamda hyzmatdaşlyk etmek baradaky resminamalara 2022-nji ýylda ýene-de bäş ýurduň gol çekendiklerini belledi. Hut geçen hepdede Hytaý we Filippinler “Bir guşak, bir ýol” başlangyjy boýunça Özara düşünişmek hakynda rejelenen ähtnama gol çekdiler diýip, Wenbin sözüniň üstüni ýetirdi.

--Biz giňden maslahatlaşmak, bilelikde goşant goşmak we umumy bähbitler ýörelgesine eýermegi, umumy ösüş ugrunda ymtylmalarda gyzyklanma bildirýän hemme taraplar bilen bilelikde işlemegi dowam ederis hem-de köpsanly adamlara has köp rowaçlyk getirmek üçin bu “ösüş guşagyny” we “bagta tarap ýoly” üpjün ederis – diýip, Wan Wenbin bu baradaky sözüni jemledi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmen dizaýneri Dowil şäherindäki halkara moda görkezilişde milli lybaslar toplumyny tanyşdyrdy

Türkmen dizaýneri Dowil şäherindäki halkara moda görkezilişde milli lybaslar toplumyny tanyşdyrdy

21:45 Iýul 09, 2026
Satyn alyş hünärmeniňiz ýene-de 20 goşmaça sahypa açan bolsa, onda oňa ALSAT-daky 30 000 harydy görkeziň

Satyn alyş hünärmeniňiz ýene-de 20 goşmaça sahypa açan bolsa, onda oňa ALSAT-daky 30 000 harydy görkeziň

20:48 Iýul 09, 2026
Türkmenistanda howanyň üýtgemegi boýunça ÝUNISEF-iň ikinji Tomusky mekdebi açyldy

Türkmenistanda howanyň üýtgemegi boýunça ÝUNISEF-iň ikinji Tomusky mekdebi açyldy

20:28 Iýul 09, 2026