HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

2023-nji ýylyň gyş uniwersiadasy Nýu-Yorkuň golaýyndaky amerikan obasynda geçiriler

Ýanwar 11, 2023 | 03:57 |15374
12-nji ýanwarda 2023-nji ýylyň Bütindünýä gyşky Uniwersiadasy – dünýäniň dürli künjeklerinden gelen talyplaryň arasynda iki ýyldan bir gezek geçirilýän sport çäresi başlar. Oýunlar Nýu-Yorkuň (ABŞ) golaýyndaky Lake Placid atly kiçijik obada geçiriler.12-nji ýanwarda 2023-nji ýylyň Bütindünýä gyşky Uniwersiadasy – dünýäniň dürli künjeklerinden gelen talyplaryň arasynda iki ýyldan bir gezek geçirilýän sport çäresi başlar. Oýunlar Nýu-Yorkuň (ABŞ) golaýyndaky Lake Placid atly kiçijik obada geçiriler.
Çeşme: stavkiprognozy.ru

12-nji ýanwarda 2023-nji ýylyň Bütindünýä gyşky Uniwersiadasy – dünýäniň dürli künjeklerinden gelen talyplaryň arasynda iki ýyldan bir gezek geçirilýän sport çäresi başlar. Oýunlar Nýu-Yorkuň (ABŞ) golaýyndaky Lake Placid atly kiçijik obada geçiriler.

Bu ýyl bäsleşige dünýäniň 50 ýurdunyň ÝOM-den 1500 töweregi talyp gatnaşar. Ýaryşlarda sportuň 12 görnüşi boýunça 86 medal toplumy ugrunda göreşiler. Esasy maksatnamada sportuň 9 görnüşi, goşmaçada bolsa uniwersiadanyň guramaçylary tarapyndan saýlanan 3 görnüşi bar. “Lekeplacid2023.com” -yň saýtynda berilýän habara görä, iň köp medal konkide ylgaýanlaryň we lyžaly typýanlaryň arasynda oýnalar.

1.jpg

Uniwersiada Talyp sporty halkara guramasy MOSS (FISU) tarapyndan geçirilýän çäre. Uniwersitet oýunlary öz gözbaşyny ABŞ-dan alyp gaýdýar, ol ýerde 1095-nji ýylda talyplaryň arasynda ilkinji sport ýaryşlary geçirilipdi. 1923-nji ýyldan 1957-nji ýyla çenli bu ýaryş "Bütindünýä talyp oýunlary" diýlip atlandyrylýardy we diňe 1959-njy ýyldan bäri adaty "Uniwersiada" adyny aldy.

Uniwersiadalar, Olimpiýa oýunlary ýaly tomusky we gyşky bolup, her 2 ýylda bir gezek geçirilýär. Ýaş türgenlerden edilýän aýratyn talaplar bar: ýurda wekilçilik edýän talyp şol ýurduň raýaty bolmaly, ýaşy 17 ýaşdan 28 ýaş aralygynda bolmaly, gatnaşyjy ÝOM-de okaýan bolmaly ýa-da ony tamamlanyna 1 ýyldan köp wagt geçmedik bolmaly.

2.jpg

Geosyýasy ýagdaý sebäpli, Talyp oýunlary boýunça Halkara komitet russiýaly we belarussiýaly türgenleri Uniwersiada gatnaşdyrmazlyk kararyna geldi. Şeýle hem, 2023-nji ýylyň tomusky uniwersiadasynyň geçirilmeli ýeri (Ýekaterinburgda (RF) geçirilmelidi) üýtgedildip, bäsleşik 26-njy iýundan 7-nji iýul aralygynda Hytaýyň Çendu şäherinde guralar.

2023-nji ýylyň gyş uniwersiadasy 22-nji ýanwarda tamamlanar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmen okuwçylary Halkara himiýa olimpiadasynda dört medal gazandy

Türkmen okuwçylary Halkara himiýa olimpiadasynda dört medal gazandy

23:30 Iýul 20, 2026
Gazagystan bilen Hytaý çig mal hyzmatdaşlygyndan ýokary tehnologiýalara geçýär

Gazagystan bilen Hytaý çig mal hyzmatdaşlygyndan ýokary tehnologiýalara geçýär

23:22 Iýul 20, 2026
Aşgabatda diplomatik korpusyň wekilleriniň arasynda küşt ýaryşy geçirildi

Aşgabatda diplomatik korpusyň wekilleriniň arasynda küşt ýaryşy geçirildi

23:13 Iýul 20, 2026