HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň jemagat hojalygynyň işgärleri ýagan garyň ýetiren täsirleri babatda döreýän işlerde tagallalaryny gaýgyrmaýarlar

Ýanwar 11, 2023 | 01:52 |8538
10-njy ýanwarda ir ertirden başlap, ýaşaýyş-jemagat hojalygynyň işgärleri Türkmenistanyň köçelerinde we awtoulag ýollarynda gardan arassalamak boýunça işleri alyp barýarlar.10-njy ýanwarda ir ertirden başlap, ýaşaýyş-jemagat hojalygynyň işgärleri Türkmenistanyň köçelerinde we awtoulag ýollarynda gardan arassalamak boýunça işleri alyp barýarlar.
Çeşme: Artur Petrosyants

10-njy ýanwarda ir ertirden başlap, ýaşaýyş-jemagat hojalygynyň işgärleri Türkmenistanyň köçelerinde we awtoulag ýollarynda gardan arassalamak boýunça işleri alyp barýarlar.

Ýakynda ýollar hem-de pyýada geçelge zolaklary doňaklyga garşy serişdeler bilen işlenildi. Şeýle srişdeleriň ulanylmagy awtoulag ýollarynda we ýan ýodalara düşen gar doňaklygyny tiz aýyrmaga mümkinçilik berýär.

Jemagat gullugynyň işgärleri geçelge ýerleri garlardan arassalamaga aýratyn üns berýärler. Bu işleri ýerine ýetirmäge ýöriteleşdirilen arassalýyş tehnikalary işe çykaryldy.

1.jpeg

Işgärler garlary ýoluň gyrasyna üýşürýärler. Şol ýerlerde emele getirilen gar üýşmekleri ulaglaryň kömegi bilen ýörite bölünip berlen ýerlere eltilýär. Ilkinji nobatda, duralgalaruyň hem-de pyýada geçelgeleriň töwereklerindäki ýerler gardan arassalanylýar.

Şäherlerde ýan ýodalardaky, ýaşaýyş jaýlarynyň ýanaşyk ýerlerindäki çäkler, dolandyryş edaralarynyň hem-de söwda-dynç alyş ulgamynyň desgalaryna eltýän ýollardaky garlardan köpçülikleýin arassalanylmagy guraldy.

Gyşky ýyladyş möwsüminde jemagat hojalygynyň üznüksiz işini üpjün edilişi gözegçilikde saklanylýar, bu baradaky meselä Türkmenistanyň prezidentiniň ýurduň welaýat häkimleri bilen 9-njy ýanwarynda geçiren iş maslahatynda garaldy.

2.jpeg

Türkmenitanda sowuk howa dowam edýär. 12-14-nji ýanwarda howanyň temperaturasy -18°…-23° derejä ýetip biler, aýry-aýry sebitlerde bolsa, ýagan garyň netijesinde onuň galyňlygy 10-15 santimetre ýetdi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
global trade summit
Türkmenistanyň ilçisi «EKSPO – 2030 Er-Riýad» Bütindünýä sergisiniň wekili bilen duşuşdy

Türkmenistanyň ilçisi «EKSPO – 2030 Er-Riýad» Bütindünýä sergisiniň wekili bilen duşuşdy

23:04 Noýabr 05, 2026
Grenlandiýanyň parlamenti Daniýa we ABŞ bilen howpsuzlyk baradaky ylalaşygy makullady

Grenlandiýanyň parlamenti Daniýa we ABŞ bilen howpsuzlyk baradaky ylalaşygy makullady

23:00 Noýabr 05, 2026
Awstriýanyň kansleri Kristian Ştoker Şanhaýdaky Tuntszi uniwersitetine baryp gördi

Awstriýanyň kansleri Kristian Ştoker Şanhaýdaky Tuntszi uniwersitetine baryp gördi

22:30 Noýabr 05, 2026