Aşgabat maslahatynyň jemleýji resminamasy resmi hökmünde BMG-niň Baş Assambleýasynda kabul edildi


11-nji dekabrda Aşgabatda geçen “Dialog-parahatçylygyň kepili” atly Halkara maslahatyň jemleýji resminamasy BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň resmi resminamasy hökmünde çap edildi – diýip, Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýty habar berýär.
“Parahatçylygyň medeniýeti” gün tertibiniň 14-nji bendinde berkidilen resminama jedelleri parahatçylykly ýollar we usullar arkaly kadalaşdyrmak borçnamasyny öz içine alýar, şeýle hem BMG-niň bütindünýä strategiýalaryny we maksatnamalaryny ýerine ýetirmegiň zerurlygyny, hususan-da, durnukly ösüş babatynda 2030-njy ýyla çenli Gün tertibiniň bilelikdäki durmuşa geçirilişini öz içine alýar.
“Dialog-parahatçylygyň kepili” Halkara maslahatynyň işi jedelleri parahatçylykly ýollar bilen kadalaşdyrmagyň we öňüni alyş diplomatiýasyny ösdürmegi ara alyp maslahatlaşmagyň möhüm meýdançasy boldy.
ORIENT habarlar
Surat: redaksiýanyň arhiwinden








