Raşid Meredow BMG-niň Adam Hukuklary boýunça edarasynyň sebit wekili bilen duşuşdy


Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Birleşen Milletler Guramasynyň adam hukuklary boýunça ýokary komissarynyň Merkezi Aziýa boýunça edarasynyň sebit wekili Riçard Komenda bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär.
Duşuşykda taraplar hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny, şol sanda kabul edilen borçnamalaryň ýerine ýetirilişini we Türkmenistanyň gatnaşýan adam hukuklary konwensiýalarynyň düzgünlerini durmuşa geçirmegi ara alyp maslahatlaşdylar.
Gepleşikleriň dowamynda taraplar BMG-niň Adam hukuklary boýunça ýörite mandat eýeleri bilen gepleşiklerde gazanylan üstünlikler barada pikir alyşdylar.
Raşid Meredow BMG-niň Adam hukuklary boýunça ýokary komissarynyň edarasyna milli adam hukuklary institutlaryny goldaýandygy üçin minnetdarlyk bildirdi we Türkmenistanyň Adalatçynyň edarasynyň adam hukuklary boýunça mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak, bilim maksatnamalaryny ornaşdyrmak we sebitleýin çäreleri geçirmek bilen gyzyklanýandygyny tassyklady.
Duşuşygyň ahyrynda türkmen tarapynyň Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygyndaky birnäçe möhüm çärelere, şol sanda BMG-niň Baş sekretarynyň adam hukuklarynyň bähbidine hereket etmek çagyryşynyň ýerine ýetirilmegine, adam hukuklarynyň ählumumy Jarnamasynyň 75 ýyllygy hem-de Wena Jarnamasynyň we Hereket ediş Maksatnamasynyň 30 ýyllygy dabaralaryna gatnaşmaga gyzyklanma bildirdi.
ORIENT news
Surat: redaksiýanyň arhiwinden








