Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy ýaşlary diplomatiýanyň ähli görnüşlerini işjeň öňe ilerletmäge çagyrdy


Türkmen ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlyk strategiýasyny işläp taýýarlamagyň wagty geldi. Şeýle etmäge ýurduň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda çykyş edip, wise-premýer, Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow çagyrdy.
Daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysynyň pikirine görä, bu strategiýa bilim, ylym, medeniýet, sport ýaly ugurlary hökman özünde jemlemelidir.

Mysal üçin, Türkmenistanyň innowasion taýdan ösüşini nazarda tutup, ýaşlaryň ylmy-tehniki başlangyçlaryny ösdürmek, olary höweslendirmek, şol sanda ýöriteleşdirilen merkezleriň, institutlaryň we beýleki ýurtlaryň barlaghanalarynyň arasynda gatnaşyklar derejesinde daşary ýurtly deň-duşlary bilen gatnaşyk etmekleri babatda höweslendirmek örän möhüm wezipe hökmünde görünýär.
Şeýle işleriň, bilim we pikir alyşmalaryň görnüşleriniň biri dürli ugurlarda bilelikdäki ylmy-barlag taslamalaryny geçirmekden ybarat bolup biler. Şeýle hem parlament diplomatiýasynyň hem-de ýaşlar syýasatynyň möhüm meseleleri boýunça çözgütleri kabul etmek işlerine ýaş parlamentarileriň gatnaşmagynyň we täsiriniň wajypdygy bellenildi.

Şunuň bilen baglylykda, ýaş türkmen parlamentarileriň daşary ýurtly kärdeşleri bilen bilelikdäki dostluk toparlaryny döretmek wajyp ädim bolup durýar. Munuň özi täze pikirleri hem-de başlangyçlary getirip, parlament we diplomatik däpleri baýlaşdyrar.
Elbetde, sport diplomatiýasyny öňe ilerletmekde-de hut ýaşlara öňdebaryjy orunlar berilýär. Sport halklaryň arasyndaky dostlugyň we özara düşünişmegiň ilçisi hökmünde, esasan, ýaşlar bilendir.

Türkmenistan häzirki zaman sport düzümine degişli ýokary hilli desgalara eýe bolup, daşary syýasy işiniň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde sport diplomatiýasyny öňe ilerledýär.
Şu babatda, Türkmenistanda halkara ýetginjekler oýunlaryny geçirmek baradaky meselä garamak teklip edilýär.
DIM-niň ýolbaşçysy ýaş diplomatlaryň ýurduň daşary syýasy ýörelgesini durmuşa geçirmäge, Türkmenistanyň döwlet we hökümet wekiliýetleriniň daşary ýurtlara saparlaryna hem-de olaryň çäklerinde geçirilýän gepleşiklere gatnaşmagyny-da belledi.

DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda daşary döwletleriň Aşgabatdaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda şu gün geçirilen çäre 2023-nji ýylyň “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” diýlip atlandyrylan şygaryna bagyşlandy, şol hem duşuşugyň esasy mazmunyny, şeýle hem ýaşlara daýanmak arkaly olaryň ukybyna we döredijilik güýjüne ynanmak bilen Türkmenistanyň ösüşiniň möhüm ugruny kesgitledi.

ORIENT news








