Türkmen hokkeýçileri Yslam Arkalaşygynyň ilkinji halkara oýunlaryna gatnaşarlar


13-nji ýanwardan 18-nji ýanwar aralygynda Tatarstanyň paýtagty Kazanda dünýäniň yslam ýurtlarynyň arasynda hokkeý boýunça halkara ýaryş geçiriler. Bäsleşigi geçirmek karary "Russiýa - Yslam dünýäsi: KazanSummit 2022" halkara sammitiniň çäginde kabul edildi.
Bu ýaryşa 14 yslam döwletinden 300-den gowrak hokkeýçi, şol sanda türkmenistanly türgenler gatnaşarlar. Bäsleşigiň dowamynda birnäçe ýurduň milli federasiýalarynyň prezidentleri Tatarstan Respublikasynyň paýtagtyna sapar bilen bararlar.
20 hokkeýçi Milli ýygyndynyň baş tälimçisi Baýram Allaýarowyň ýolbaşçylygynda milli baýdagyň reňklerini goramaga gider. Olar üçin bu çempionat 2023-nji ýylyň 17-23-nji aprelinde geçiriljek dünýä çempionatyna gatnaşmaga taýýarlyk bolar.
Üçünji bölümiň A toparyndaky soňky dünýä çempionatynda Türkmenistanyň şaýbaly hokkeý boýunça milli topary üçünji ýeri eýeledi.
ORIENT news
ORIENT news








