Gyrgyzystan daşarky bergileriniň geçilmeginiň öwezine «ýaşyla geçmegi» amala aşyrmaga taýýardyr


Gyrgyzystan «ýaşyl» taslamalary durmuşa geçirmek we tutuş ýurtda gidroelektrik stansiýalary gurmagyň hasabyna elektrik energiýasyny satyn alýan ýurtdan elektrik energiýasyny ýerleýän ýurda öwrülmegi mümkindir – diýip, Sadyr Japarow özüniň Facebook ulgamyndaky çap eden çykyşynda beýan etdi.
«Şu taslamalary durmuşa geçirenden soň elektrik energiýany daşary ýurtlara eksport edýänGyrgyzystana energetika taýdan garaşsyz döwlet diýip bolar. Ähtimal, eger-de has irki döwürlerdemuňa köp üns berlen bolsady, onda şu günki güngurumly tüsse meselesi beýle ýiti bolmazdy. Biz güýz-gyş ýyladyş möwsüminde elektrik energiýasyndan has köp peýdalanyp bilerdik» - diýip, gyrgyz döwletiniň baştutany ýazýar.
Şunda Japarow Gyrgyzystanyň daşarky bergisiniň $4,2 mlrd töweregidigini nygtap, respublikanyň «ýaşyl ykdysadyýetiň desgalarynyň açylyş baglaryny kesmäge» we Gyrgyzystanda ýurduň daşarky bergisini ýapmagyň öwezine taslamalary durmuşa geçirmäge taýýardygyny belledi.
Häzirki wagtda Türkmenistan Özbegistan bilen birhatarda Gyrgyzystana elektrik energiýasyny köp möçberde eksport edýän döwletleriň biridir, Özbegistan bolsa türkmen mawy ýangyjynyň kömegi bilen öndüren elektrik energiýasyny eksport edýär.
ORIENT habarlar
Surat: rbc.ru








