Putin we Ärdogan Türkiýede sebitleýin gaz paýlaýjy merkeziň döredilmegini ara alyp maslahatlaşdylar


Türkiýede sebitleýin gaz paýlaýjy merkezi döretmek RF-niň prezidenti Wladimir Putiniň Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan bilen penşenbe güni geçiren telefon arkaly söhbetdeşliginiň meseleleriniň biri boldy.
“Ilkinji nobatda, energetika pudagynda söwda-ykdysady aragatnaşyklary has-da giňeltmek baradaky meseleler maslahatlaşyldy. Türkiýede sebitleýin gaz paýlaýjy merkezi döretmek hem-de “Akguýy” AES-niň gurluşygy ýaly bilelikdäki strategik ähmiýetli taslamalary durmuşa geçirmegiň wajypdygy bellenildi” diýlip, Kremliň saýtynda aýdylýar.
Ärdogan Türkiýede tebigy gaz merkezini döretmek üçin infrastrukturanyň pugtalandyrylmagynyň dowam etdirilýändigini hem-de bu taslamanyň ýol kartasyny tiz tamamlamak we ony iň gysga wagtda durmuşa geçirmek üçin çäreleriň görülýändigini aýtdy. Bu barada türk lideriniň saýtyndaky metbugat-beýanatynda aýdyldy.
ORIENT news








