Serdar Berdimuhamedow welaýatlaryň häkimleri bilen ýerlerdäki oba hojalyk möwsümleriniň barşyny ara alyp maslahatlaşdy


Prezident Serdar Berdimuhamedow sişenbe güni wideoaragatnaşyk arkaly welaýatlaryň häkimleri we obasenagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer bilen iş maslahatyny geçirdi. Maslahatyň esasy meselesi ýurduň oba hojalyk pudagyndaky işleriň ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat boldy. Şeýle hem ýerlerde milli durmuş-ykdysady maksatnamanyň durmuşa geçirilişi, ýylylyk, gaz-suw-elektrik üpjünçilik ulgamlarynyň üznüksiz işledilişi baradaky meselelere garaldy.
Welaýat häkimlikleriniň ýolbaşçylary güýzlük bugdaýa ideg edilişi, geçiriljek gowaça ekişine, ýeralmanyň irki görnüşlerini hem-de beýleki miwe-gök önümleri ekmäge taýýarlyk görülişi bilen birlikde, möwsümleýin meýdan işleriniň barşy barada hasabat berdiler. Şeýle hem Balkan we Mary welaýatlarynda dowam edýän gant şugundyrynyň ýygymy barada gürrüň edildi.
Döwlet Baştutany ýolbaşçylaryň her birine alnyp barylýan oba hojalyk işlerine gözegçilik etmek we durmuş-ykdysady wezipeleri çözmek boýunça aýratynlykda görkezmeleri berdi, şondan soňra wise-premýer Annageldi Ýazmyradowyň umumy hasabtyny diňledi. Wise-premýer, umuman, ýurt boýunça oba hojalyk önümçiliginiň görkezijileri, möwsümleýin işleriň barşy hem-de Obasenagat toplumynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň ýagdaýy barada maglumat berdi.
Hususan-da, ol pudagyň zerurlyklary, oba adamlaryny hemme gerek bolan zatlar, şol sanda geljekki ekişi gowaça tohumlary, enjamlar we abzallar bilen üpjün etmek üçin döwlet tarapyndan satyn alnan we ýurda gelip gowşan tehnikalar barada hasabat berdi.
Serdar Berdimuhamedow hasabaty toplumlaýyn baha bermek bilen jemledi hem-de obasenagat ulgamynyň bazar düzüminiň kemala gelýän şertlerinde kärende gatnaşyklaryny ösdürmegiň, önümçiligiň we zähmetiň, oba telekeçiliginiň görnüşlerini guramagy kämilleşdirmegiň wajypdygyna ünsi çekip, wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.
ORIENT news








