HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen türgenleriniň 2023-nji ýylda gatnaşmagy maksat edinýän uly ýaryşlary

Ýanwar 01, 2023 | 20:53 |12847
Türkmen türgenleri 2022-nji ýylda köp sport ýaryşlaryna gatnaşyp, iri halkara çempionatlaryň we ýaryşlaryň dürli medallaryny hem-de baýraklaryny eýelediler.Türkmen türgenleri 2022-nji ýylda köp sport ýaryşlaryna gatnaşyp, iri halkara çempionatlaryň we ýaryşlaryň dürli medallaryny hem-de baýraklaryny eýelediler.
Çeşme:

Türkmen türgenleri 2022-nji ýylda köp sport ýaryşlaryna gatnaşyp, iri halkara çempionatlaryň we ýaryşlaryň dürli medallaryny hem-de baýraklaryny eýelediler.

Ýetip gelen ýylyň hem gyzyklylygy şondan kem bolmaz. Türkmen nýygyndy toparlarynyň sebit we dünýä derejesindäki birnäçe iri sport çärelerine gatnaşmagy meýilleşdirilýär.

Şol çärelriň hatarynda Balide (Indoneziýa) awgustyň başynda geçiriljek Bütindünýä kenarýaka oýunlary bar. Taryhda ikinji Bütindünýä kenarýaka oýunlary 2021-nji ýylda geçirilmelidi, ýöne, koronawirus pandemiýasy sebäpli süýşürildi. Birinji oýunlar 2019-njy ýylda Katarda geçirilipdi. Şonda sportuň 13 görnüşi boýunça 36 ýaryş geçirildi. Medal hasabynda birinji orny Ispaniýa eýeledi.

Şondan bir aý soň, 8-nji sentýabrda Hançžouda (HHR) Tomusky Aziýa oýunlaryna badalga berler. Oňa sportuň 40 görnüşi boýunça medallar ugrunda bäsleşjek türgenleriň 10 müňden gowragynyň gatnaşmagyna garaşylýar.

2023-nji ýylyň 17-26-njy noýabry aralygynda Tailnadyň iki şäherinde – Bangkokda we Çonburide Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça altynjy Aziýa oýunlary geçiriler. Ýaryşlaryň maksatnamasyna sport görnüşleriniň 32-si hem-de iki görnüşli sport görkezme çykyşlary girizildi.

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Bäşinji Aziýa oýunlary bolsa, 2017-nji ýylda Aşgabatda geçirilipdi. Ýaryşyň netijeleri boýunça umumytoparlaýyn hasapda türkmen ýygyndy topary birinji orny eýeläpdi.

Hytaý Halk Respubliksay sportuň 19 görnüşi boýumça Altynjy kenarýaka oýunlaryny kabul eder. Ýaryşlara 40-dan gowrak döwletlerden türgenleriň 2 müňe golaýy gatnaşarlar.

Saud Arabystany Patyşalygynyň paýtagty – Er-Riýad 2023-nji ýylda Söweş sungatlarynyň Bütindünýä oýunlaryny geçirmäge hukuk aldy. Ýaryş 2023-nji ýylyň 21-30-njy oktýabry aralygynda geçirilip, sportuň söweş görnüşleriniň we başa-baş söweşlerinň 15 görnüşini özünde jemlär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Kanadanyň Premýer-ministri Mark Karni 8-nji sentýabrdan ABŞ-nyň harytlaryna jogap paçlarynyň giriziljekdigini yglan etdi

Kanadanyň Premýer-ministri Mark Karni 8-nji sentýabrdan ABŞ-nyň harytlaryna jogap paçlarynyň giriziljekdigini yglan etdi

16:00 Awgust 23, 2026
Braziliýanyň Prezidenti Tramp bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde ABŞ-nyň täze paçlaryny ret edip, gepleşiklere çagyrdy

Braziliýanyň Prezidenti Tramp bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde ABŞ-nyň täze paçlaryny ret edip, gepleşiklere çagyrdy

14:00 Awgust 23, 2026
Kerolin Rodriges Birkett BMG-niň Baş sekretary wezipesine saýlawlarda öňe çykdy

Kerolin Rodriges Birkett BMG-niň Baş sekretary wezipesine saýlawlarda öňe çykdy

12:00 Awgust 23, 2026