HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkiýä gitmäge wiza almak üçin goşmaça resminama – “Ylalaşyk hakynda jarnama” talap ediler

Ýanwar 02, 2023 | 19:57 |52081
2023-nji ýylyň 3-nji ýanwaryndan Türkiýä gitmäge wiza almak isleýän Türkmenistanyň raýatlary ozal zerur bolan resminamalaryň üstüne kepillendiriş edarasy tarapyndan tassyklanylan goşmaça “Ylalaşyk hakynda jarnamany” görkezmeli bolarlar.2023-nji ýylyň 3-nji ýanwaryndan Türkiýä gitmäge wiza almak isleýän Türkmenistanyň raýatlary ozal zerur bolan resminamalaryň üstüne kepillendiriş edarasy tarapyndan tassyklanylan goşmaça “Ylalaşyk hakynda jarnamany” görkezmeli bolarlar.
Çeşme:

2023-nji ýylyň 3-nji ýanwaryndan Türkiýä gitmäge wiza almak isleýän Türkmenistanyň raýatlary ozal zerur bolan resminamalaryň üstüne kepillendiriş edarasy tarapyndan tassyklanylan goşmaça “Ylalaşyk hakynda jarnamany” görkezmeli bolarlar.

“03.01.2023-nji ýyldan Türkiýe Respublikasynyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň Türk wiza merkezine wiza almak üçin ýüz tutjak Türkmenistanyň raýatlary kepillendiriş edarasy tarapyndan tassyklanylan goşmaça “Ylalaşyk hakynda jarnamany” görkezmeli bolarlar. Siz wiza almak üçin hökmany bolup durýan “Ylalaşyk hakynda jarnama” bilen biziň web-saýtymyza girip tanşyp bilersiňiz.

Siz “Ylalaşyk hakynda jarnama” resminamasyny biziň wiza merkezlerimizde gol çekilen görnüşdäki arzaňyza goşmalysyňyz.

Siz ähli meseleler boýunça biziň bilen köp sorag berilýän bölümimiz we elektron salgy arkaly habarlaşyp bilersiňiz” diýlip, bildirişde aýdylýar.

Wiza almak üçin arza bermek baradaky goşmaça maglumatlary, şeýle hem şunuň bilen baglanyşykly meselelere jogaplary Türk wiza merkeziniň web-saýtyndan we YouTube kanalyndan tapyp bolar.

Saýt: www.gatewayinternational.com.tr

elektron salgy: helpline.turkmenistan@gateway.com.tr

telefon belgi: +99312400212

Wiza almak üçin zerur bolan resminamalary Rysgal bankynyň binasynda A blokda ýerleşen (Aýtakow-Ýubileýnyý köçeleriniň çatrygynda ýerleşýär) “Makul Hyzmat” terjimeçilik merkezinde terjime etdirip bolar.

Telefon belgiler: 863 78 96 73 / 96 48 55

makulhyzmat@gmail.com

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Azerbaýjanda Milli saz güni we Üzeir Gajybeýliniň 141 ýyllygy bellenilýär

Azerbaýjanda Milli saz güni we Üzeir Gajybeýliniň 141 ýyllygy bellenilýär

19:17 Sentýabr 18, 2026
Ýewropa Bileleşigi Kanada görlüp-eşidilmedik assosirlenen agza derejesini teklip edýär

Ýewropa Bileleşigi Kanada görlüp-eşidilmedik assosirlenen agza derejesini teklip edýär

22:00 Sentýabr 17, 2026
Aşgabatda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan ykdysady gazananlarynyň sergisi açyldy

Aşgabatda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan ykdysady gazananlarynyň sergisi açyldy

21:47 Sentýabr 17, 2026