HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Täze ýyla päk arzuwlar we uly ynam bilen gadam basyp – Prezidentiň ýüzlenmesinden

Ýanwar 02, 2023 | 01:57 |13260
Türkmen lideri Serdar Berdimuhamedow watandaşlaryny Täze ýyl bilen gutlap, geçen ýylyň möhüm wakalaryny agzap geçdi, şolaryň hatarynda ulag, energetika, lukmançylyk ulgamlarynyň, durmuş düzümleriniň birnäçe iri desgalary, ýaşaýyş jaý toplumlary, 12-nji martda geçirilen Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary, Halk Maslahatynyň çözgütleri, geljek 30 ýyl üçin ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek baradaky maksatnamanyň kabul edilmegi görkezildi.Türkmen lideri Serdar Berdimuhamedow watandaşlaryny Täze ýyl bilen gutlap, geçen ýylyň möhüm wakalaryny agzap geçdi, şolaryň hatarynda ulag, energetika, lukmançylyk ulgamlarynyň, durmuş düzümleriniň birnäçe iri desgalary, ýaşaýyş jaý toplumlary, 12-nji martda geçirilen Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary, Halk Maslahatynyň çözgütleri, geljek 30 ýyl üçin ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek baradaky maksatnamanyň kabul edilmegi görkezildi.
Çeşme:

Türkmen lideri Serdar Berdimuhamedow watandaşlaryny Täze ýyl bilen gutlap, geçen ýylyň möhüm wakalaryny agzap geçdi, şolaryň hatarynda ulag, energetika, lukmançylyk ulgamlarynyň, durmuş düzümleriniň birnäçe iri desgalary, ýaşaýyş jaý toplumlary, 12-nji martda geçirilen Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary, Halk Maslahatynyň çözgütleri, geljek 30 ýyl üçin ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek baradaky maksatnamanyň kabul edilmegi görkezildi.

Döwlet baştutany Türkmenistanyň esasy üstünlikleriniň: oba hojalygyndaky düýpli özgertmeleri, ykdysadyýetiň nebitgaz, ulag-kommunikasiýa we söwda-telekeçilik ulgamlarynda, saglygy goraýyş pudagynda, bedenterbiýäni we sporty ösdürmkde, bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmakda, daşary syýasaty durmuşa geçirmekde hem-de beýlekiugurlar boýunça gazanylanlaryň üstünde durup geçdi, şolar boýunça işler şeýle ruhda dowam etdiriler.

“2023-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda biz aýlyk zähmet haklarynyň, pensiýalaryň we döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňlejýi haklarynyň möçberlerini 10% köpelderis. Munuň özi mähriban halkymyzyň hal-ýagdaýyny we durmuş taýdan goraglylygyny gowulandyrmak boýunça işlerimiziň dowamydyr” diýip, prezident belledi.

Serdar Berdimuhamedow hoşniýetli arzuwlar we ýagty umytlar bilen garşylaýan Täze ýylymyzyň parahatçylygyň, uly üstünlikleriň hem-de ýurdumyzyň we halkymyzyň bähbidine zähmetde beýik gazanylanlaryň ýyly bolmagyny arzuw etdi.

“Goý, Täze ýyl parahatçylygyň, bagtyýarlygyň, uly özgertmeleriň we bereket-bolçulygyň ýyly bolsun! Täze ýylda siziň mukaddes ojaklaryňyza abadançylyk we jebislik, egsilmejek bagt arzuw edýärin!” diýip, döwlet baştutany aýtdy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Aşgabat we Astana strategik hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmaga ygrarlydyklaryny tassykladylar

Aşgabat we Astana strategik hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmaga ygrarlydyklaryny tassykladylar

19:10 Awgust 26, 2026
Beýik Britaniýada rekord derejedäki yssy ulag ulgamyndaky meselelerini ýüze çykardy

Beýik Britaniýada rekord derejedäki yssy ulag ulgamyndaky meselelerini ýüze çykardy

17:00 Awgust 26, 2026
Tailand gozgalaňçylaryň hüjümlerinden soň günortadaky howpsuzlygy güýçlendirdi

Tailand gozgalaňçylaryň hüjümlerinden soň günortadaky howpsuzlygy güýçlendirdi

14:00 Awgust 26, 2026