HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanda çagalar futbol festiwaly geçirildi

Dekabr 29, 2022 | 16:50 |9495
Türkmenistanyň Futbol federasiýasy Aşgabatda çagalar futbol festiwalyny geçirdi – diýip, guramanyň saýtynda habar berilýär. Futbol baýramçylygy Grassroots bütindünýä maksatnamasynyň çäklerinde çagalaryň we ýaşlaryň arasynda futboly meşhur etmek we öňe sürmek maksady bilen geçirildi.Türkmenistanyň Futbol federasiýasy Aşgabatda çagalar futbol festiwalyny geçirdi – diýip, guramanyň saýtynda habar berilýär. Futbol baýramçylygy Grassroots bütindünýä maksatnamasynyň çäklerinde çagalaryň we ýaşlaryň arasynda futboly meşhur etmek we öňe sürmek maksady bilen geçirildi.
Çeşme:

Türkmenistanyň Futbol federasiýasy Aşgabatda çagalar futbol festiwalyny geçirdi – diýip, guramanyň saýtynda habar berilýär. Futbol baýramçylygy Grassroots bütindünýä maksatnamasynyň çäklerinde çagalaryň we ýaşlaryň arasynda futboly meşhur etmek we öňe sürmek maksady bilen geçirildi.

Çärä özleriniň beden başarnyklaryny we futbol ukyplaryny görkezen 150-den gowrak oglanjyklar we gyzjagazlar gatnaşdylar. Olar diňe bir futbol oýnamak bilen çäklenmediler, gyzlar hem oglanlar estafetalara gatnaşdylar, pökgi bilen dürli beden hereketlerini we beýleki futbol türgenleşik maşklaryny ýerine ýetirdiler.

Grassroots maksatnamasy ýaşyna, jynsyna, beden ýagdaýyna ýa-da etniki gelip çykyşyna garamazdan futbol oýnuna elýeterlik döretmäge niýetlenendir. Aşgabatdaky festiwalda çagalar oýundan lezzet aldylar, durmuş başarnyklaryny gowulandyrdylar we futbolyň esasy tehnikasyny özleşdirdiler.

ORIENT habarlar
Surat: tff.com.tm/

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Türkmenistanyň Katardaky ilçisi Kataryň Ösüş Gaznasynyň ýolbaşçylygy bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Katardaky ilçisi Kataryň Ösüş Gaznasynyň ýolbaşçylygy bilen duşuşdy

15:05 Awgust 24, 2026
Kanadanyň Premýer-ministri Mark Karni 8-nji sentýabrdan ABŞ-nyň harytlaryna jogap paçlarynyň giriziljekdigini yglan etdi

Kanadanyň Premýer-ministri Mark Karni 8-nji sentýabrdan ABŞ-nyň harytlaryna jogap paçlarynyň giriziljekdigini yglan etdi

16:00 Awgust 23, 2026
Braziliýanyň Prezidenti Tramp bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde ABŞ-nyň täze paçlaryny ret edip, gepleşiklere çagyrdy

Braziliýanyň Prezidenti Tramp bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde ABŞ-nyň täze paçlaryny ret edip, gepleşiklere çagyrdy

14:00 Awgust 23, 2026