Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Ýurduň ösüşiniň netijeleri jemlendi

Dekabr 30, 2022 | 08:53 |10221
Penşenbe güni Türkmenistanyň Prezidenti ýurduň 2022-nji ýyldaky ösüşiniň netijelerine bagyşlanan Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisini geçirdi. Oňa welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri hem çagyryldy.Penşenbe güni Türkmenistanyň Prezidenti ýurduň 2022-nji ýyldaky ösüşiniň netijelerine bagyşlanan Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisini geçirdi. Oňa welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri hem çagyryldy.
Çeşme:

Penşenbe güni Türkmenistanyň Prezidenti ýurduň 2022-nji ýyldaky ösüşiniň netijelerine bagyşlanan Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisini geçirdi. Oňa welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri hem çagyryldy.

Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynyň kabul edilmegi hem-de onuň durmuşa geçirilip başlanmagy amala aşyrylan işiň esasy netijeleriniň hatarynda görkezildi. Bu resminama laýyklykda, Bitarap Watanymyz sebit we ählumumy derejelerde parahatçylygy, howpsuzlygy üpjün etmek ýaly örän möhüm wezipeleri çözmek üçin tagalla edýär. Hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy yzygiderli durmuşa geçirilýär.

Türkmenistan syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwerlik ulgamlarynda ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeldýär, muňa Türkmenistanyň hökümet wekiliýetleriniň daşary ýurtlara iş saparlary we daşary ýurtlaryň döwlet baştutanlarynyň we hökümet agzalarynyň Türkmenistana saparlary oňyn täsir etdi. 2023-nji ýyla-da ýokary derejedäki gepleşikleriň birnäçesi meýilleşdirilýär.

Türkmenistan Ýewropa Bileleşigi, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy we Bütindünýä Söwda Guramasy bilen netijeli hyzmatdaşlygy dowam etdirýär.

«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň milli Maksatnamasynyň» üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde geçip barýan ýylda hem jemi içerki önümiň durnukly ösüş depgini gazanyldy. Zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň we talyp haklarynyň 10 göterim artdyrylan möçberleri öz wagtynda doly maliýeleşdirildi.

Ýurduň ähli sebitlerinde senagat we önümçilik desgalarynyň, şeýle hem iri ýaşaýyş toplumlarynyň gurluşygy dowam etdirilýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Azerbaýjanda Milli saz güni we Üzeir Gajybeýliniň 141 ýyllygy bellenilýär

Azerbaýjanda Milli saz güni we Üzeir Gajybeýliniň 141 ýyllygy bellenilýär

19:17 Sentýabr 18, 2026
Ýewropa Bileleşigi Kanada görlüp-eşidilmedik assosirlenen agza derejesini teklip edýär

Ýewropa Bileleşigi Kanada görlüp-eşidilmedik assosirlenen agza derejesini teklip edýär

22:00 Sentýabr 17, 2026
Aşgabatda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan ykdysady gazananlarynyň sergisi açyldy

Aşgabatda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan ykdysady gazananlarynyň sergisi açyldy

21:47 Sentýabr 17, 2026