HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

2023-nji ýylda bize nähili halkara wakalar garaşýar

Dekabr 30, 2022 | 14:49 |11603
Geçip barýan 2022-nji ýyl wakalara baý boldy, olar biziň üçin täze häzirki zaman hakykatyny emele getirdi we biziň durmuşymyzy düýpgöter üýtgetdi. Ýetip gelýän 2023-nji ýyl hem özi bilen köp garaşylmadyk zatlary getirmegi ähtimaldyr, jogabyny tapmaly boljak köp sanly meseleleri ýüze çykarmagy mümkindir.Geçip barýan 2022-nji ýyl wakalara baý boldy, olar biziň üçin täze häzirki zaman hakykatyny emele getirdi we biziň durmuşymyzy düýpgöter üýtgetdi. Ýetip gelýän 2023-nji ýyl hem özi bilen köp garaşylmadyk zatlary getirmegi ähtimaldyr, jogabyny tapmaly boljak köp sanly meseleleri ýüze çykarmagy mümkindir.
Çeşme: twitter.com

Geçip barýan 2022-nji ýyl wakalara baý boldy, olar biziň üçin täze häzirki zaman hakykatyny emele getirdi we biziň durmuşymyzy düýpgöter üýtgetdi. Ýetip gelýän 2023-nji ýyl hem özi bilen köp garaşylmadyk zatlary getirmegi ähtimaldyr, jogabyny tapmaly boljak köp sanly meseleleri ýüze çykarmagy mümkindir.

Indiki ýylda dünýä jemgyýetçiligi nähili möhüm halkara wakalara garaşmaly bolarka?

Gürrüňsiz, howa bilen baglanyşykly kynçylyklar bilen göreşmek 2023-nji ýylda ileri tutulýan mesele bolmagynda galar. Şeýle hem Ýewropada we Aziýada iri syýasy wakalaryň birnäçesine garaşylýar – bütin dünýäniň adamlary uly «ýediligiň» we «ýigrimiligiň» ýurtlarynyň liderleriniň öňde boljak sammitinde möhüm kararlaryň kabul edilmegine garaşýarlar.

Dawosda geçirilýän Bütindünýä ykdysady forumy

16-njy ýanwarda Şweýsariýanyň Dawos şäherinde geçirilmegi däp bolan Bütindünýä ykdysady forumy gaýdyp gelýär. Ol syýasatçylara, işewürlik toparlarynyň wekillerine we raýat jemgyýetine dünýäniň öňünde duran wezipeleri çözmek üçin platforma bolar. Forum 20-nji ýanwara çenli dowam eder.

Karl III täç geýmegi

6-njy maýda Karl III Westminster abbatlygynda täç geýdiriler. Köşgüň wekilleriniň sözlerine görä, häzirki ykdysady çökgünçilik sebäpli, bu dabara ýönekeý görnüşde geçiriler.

«Uly ýediligiň» sammiti

Ýetip gelýän ýylyň möhüm wakalarynyň biri-de 19-njy maýda Ýaponiýanyň Hirosima şäherinde geçjek «Uly ýediligiň» (G7) sammiti bolar.

Ýaponiýanyň Premýer-ministri Fumio Kisida ýokary derejedäki bu halkara duşuşygyny geçirmek üçin Hirosima şäheriniň ýörite alamat hökmünde saýlanyp alnandygyny belläp geçdi. Bu dünýä jemgyýetçiligine parahatçylyk duýduryşyny bermek we ýadro ýaragsyzlanma meselesini ara alyp maslahatlaşmak üçin uly mümkinçilikdir.

Türkiýede Prezident saýlawlary

18-nji iýunda Türkiýede prezident saýlawlary geçiriler. Ýurduň häzirki baştutany Rejep Taýyp Ärdogan eýýäm bu wezipä öz dalaşgärligini görkezdi.

Uly ýigrimiligiň sammiti

Sentýabrda Hindistanyň başlyklyk etmeginde «Uly ýigrimiligiň» (G20) sammiti geçiriler. «Bir ýer, bir maşgala, bir geljek» şygary bilen geçiriljek forumyň esasy mowzugy – energetika we azyk howpsuzlygyny üpjün etmek bolar.

BAE-däki Bütindünýä howa sammiti

2023-nji ýylyň 30-njy noýabryndan 12-nji dekabr aralygynda Birleşen Arap Emirlikleri BMG-niň howanyň üýtgemegi baradaky çarçuwalaýyn Konwensiýasyna gatnaşýan taraplaryň 28-nji Maslahatyny kabul eder (COP28).

Wise-prezident, BAE-niň premýer-ministri we Dubaýyň hökümdary şeýh Muhammed ben Raşid Al Maktum maslahatyň üstünlikli geçirilmegi üçin ýurduň ähli tagallalary etjekdigini nygtady. BAE-i planetany goramagyň hatyrasyna howanyň üýtgemegine garşy göreşmekde bütindünýä tagallalaryny goldaýar.

ORIENT habarlar
Surat: twitter.com

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Ormuz bogazy gaýtadan açyldy: Eýran geçiş töleglerini ýatyrdy, ABŞ bolsa gabawy aýyrdy

Ormuz bogazy gaýtadan açyldy: Eýran geçiş töleglerini ýatyrdy, ABŞ bolsa gabawy aýyrdy

19:30 Iýun 19, 2026
Özbegistan 2025-nji ýylda 43,1 milliard ABŞ dollary möçberinde maýa goýumy çekdi: Hytaý 15,5 milliard dollar bilen öňdebaryjy, Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş Banky her ýyl 1 milliard ýewro maýa goýýar, 100 ýurtdan müňlerçe wekiller gatnaşdy

Özbegistan 2025-nji ýylda 43,1 milliard ABŞ dollary möçberinde maýa goýumy çekdi: Hytaý 15,5 milliard dollar bilen öňdebaryjy, Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş Banky her ýyl 1 milliard ýewro maýa goýýar, 100 ýurtdan müňlerçe wekiller gatnaşdy

17:00 Iýun 19, 2026
Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

23:45 Iýun 18, 2026