HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

BAE-niň Flydubai awiakompaniýasy Aşgabada uçuşlaryny täzeden ýola goýar

Dekabr 29, 2022 | 21:53 |8358
Dubaýda ýerleşýän Flydubai awiakompaniýasy 2023-nji ýylyň 23-nji ýanwaryndan Türkmenistana uçuşlaryny täzeden ýola goýar. Kompaniýanyň Dubaý-Aşgabat ugry boýunça yzygiderli ýolagçy gatnawyny ýerine ýetirýän uçarlary Aşgabadyň halkara howa menzilinde gonar diýip, Flydubai-iň Aşgabatdaky wekilhanasynda Oriente habar berdiler.Dubaýda ýerleşýän Flydubai awiakompaniýasy 2023-nji ýylyň 23-nji ýanwaryndan Türkmenistana uçuşlaryny täzeden ýola goýar. Kompaniýanyň Dubaý-Aşgabat ugry boýunça yzygiderli ýolagçy gatnawyny ýerine ýetirýän uçarlary Aşgabadyň halkara howa menzilinde gonar diýip, Flydubai-iň Aşgabatdaky wekilhanasynda Oriente habar berdiler.
Çeşme:

Dubaýda ýerleşýän Flydubai awiakompaniýasy 2023-nji ýylyň 23-nji ýanwaryndan Türkmenistana uçuşlaryny täzeden ýola goýar. Kompaniýanyň Dubaý-Aşgabat ugry boýunça yzygiderli ýolagçy gatnawyny ýerine ýetirýän uçarlary Aşgabadyň halkara howa menzilinde gonar diýip, Flydubai-iň Aşgabatdaky wekilhanasynda Oriente habar berdiler.

Uçuşlar hepdede iki gezek – duşenbe we penşenbe günlerinde ýerine ýetiriler. Uçar petekleriniň bahasyna degişli meseleler boýunça ýolagçylar awiakompaniýanyň Aşgabatdaky wekilhanasyna ýüz tutup bilerler. Onuň edarasy şu salgyda: Seýitnazar Seýdi köç., j. 19/1 (Atamyrat seýilgähiniň ugrunda) ýerleşýär. Goşmaça maglumaty 92-01-66 telefon belgä jaň edip alyp bolar.

Aşgabat Flydubai-iň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň sanawyndaky dokuzynjy şäheri bolar. Awiakompaniýa Almaty, Astana, Bişkek, Duşenbe, Namangan, Oş, Samarkand we Daşkent ýaly şäherlere uçýar.

Şeýle hem 2023-nji ýylyň ýanwaryndan başlap, Flydubai-iň uçuşlarynyň gerimi 116 ugra çenli giňelip, dünýäniň 53 ýurduna amala aşyrylar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbegistanlylar daşary ýurt walýutasyny banklara has köp satyp başladylar

Özbegistanlylar daşary ýurt walýutasyny banklara has köp satyp başladylar

23:30 Iýun 25, 2026
Özbek halk tansy Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi

Özbek halk tansy Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi

23:20 Iýun 25, 2026
Dina Zaripowa Türkmenistanda geçiriljek «Tatar gyzy» bäsleşiginde Tatarystana wekilçilik eder

Dina Zaripowa Türkmenistanda geçiriljek «Tatar gyzy» bäsleşiginde Tatarystana wekilçilik eder

23:10 Iýun 25, 2026