Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň agtygy öz atasynyň täze goşgusyna aýdym döretdi


Türkmenistanyň parlamentiniň ýokarky palatasynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň agtygy Kerimguly Berdimuhamedow öz atasynyň “Dowam bolsun!” atly täze goşgysyna aýdym ýazdy.
Aýdym türkmen estradasynyň ýyldyzlary tarapyndan Täze ýyla bagyşlanan we Aşgabadyň Sportuň gyşky oýunlarynyň sport toplumynda geçen baýramçylyk konsertinde ýerine ýetirildi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow özüniň “Dowam bolsun!” täze goşgusyny birnäçe gün mundan öň Arkadag şäherinde okapdy.
Bu Gurbanguly Berdimuhamedow we onuň agtygy Kerimguly tarapyndan döredilen ilkinji aýdym däldir. 2020-nji ýylda Türkmenistanyň parlamenti ýaş kompozitor, aýdymçy we sazanda Kerimguly Berdimuhamedowy “Türkmeniň Altyn Asyry” döredijilik bäsleşiginiň ýeňijisi diýip yglan edipdi.
ORIENT habarlar
Surat: «Altyn Asyr»telekanaly








