HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Russiýa we Türkiýe gaz paýlajy merkeziň taslamasyny iş ýüzünde durmuşa geçirmäge başladylar

Dekabr 29, 2022 | 03:23 |7300
Russiýa we Türkiýe, eýýäm, Türkiýäniň çäklerinde gaz paýlaýjy merkezi döretmek taslamasynyň durmuşa geçirilmeginiň üstünde işläp başladylar diýip, “Gazpromyň” ýolbaşçysy Alekseý Miller 28-nji dekabrda täze ýylyň öňýanyndaky iş maslahatynda habar berdi. Ol Russiýanyň “Türk akymy” we “Mawy akym” deňiz gaz geçirijileriniň häzirki wagtda ynamly işleýändigini belledi.Russiýa we Türkiýe, eýýäm, Türkiýäniň çäklerinde gaz paýlaýjy merkezi döretmek taslamasynyň durmuşa geçirilmeginiň üstünde işläp başladylar diýip, “Gazpromyň” ýolbaşçysy Alekseý Miller 28-nji dekabrda täze ýylyň öňýanyndaky iş maslahatynda habar berdi. Ol Russiýanyň “Türk akymy” we “Mawy akym” deňiz gaz geçirijileriniň häzirki wagtda ynamly işleýändigini belledi.
Çeşme:

Russiýa we Türkiýe, eýýäm, Türkiýäniň çäklerinde gaz paýlaýjy merkezi döretmek taslamasynyň durmuşa geçirilmeginiň üstünde işläp başladylar diýip, “Gazpromyň” ýolbaşçysy Alekseý Miller 28-nji dekabrda täze ýylyň öňýanyndaky iş maslahatynda habar berdi. Ol Russiýanyň “Türk akymy” we “Mawy akym” deňiz gaz geçirijileriniň häzirki wagtda ynamly işleýändigini belledi.

“Häzir bolsa biz Türkiýe bilen bu ýurtda gaz paýlaýjy merkeziň taslamasynyň üstünde işläp başladyk. Bu çözgüt iki döwletiň ýolbaşçylarynyň derejesinde kabul edildi we biz ony eýýäm iş ýüzünde durmuşa geçirmäge girişdik” diýip, TASS onuň sözlerini getirýär.

Gaz paýlaýjy merkez tebigy gaz bazarynda bahalaryň aç-açan hem-de adalatly emele gelmegini üpjün etmäge mümkinçilik berer diýip, Miller aýtdy.

“Dünýä bazary ýokary depginler bilen öser, uzak möhletleýin çakalamalara görä, ýakyn 20 ýylda sarp ediliş 20% ýokarlanar. Şoňa görä-de, elbetde, biz gelejek hakda pikir edýäris, biz täze taslamalarymyz barada, energetika howpsuzlygy barada pikir edýäris” diýip, “Gazpromyň” ýolbaşçysy sözüniň üstüni ýetirdi.

Ozal RF-niň wise-premýeri Aleksandr Nowak Türkiýede gaz paýlaýjy merkeziň taslamasyny durmuşa geçirmek boýunça çözgüdiň 2023-nji ýylda kabul ediljekdigini abar beripdi. Türkiýede “Demirgazyk akym” arkaly üstaşyr geçirmegiň ýitirilen möçberini täzeden ugratmak mümkin boljak gaz paýlaýjy merkezini döretmek pikiri bilen, Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin “Rus energetika hepdesi” atly forumda çykyş edi. Onuň sözlerine görä, ýene-de bir gaz geçiriji ulgamy gurmagyň mümkinçilikleri hem-de Türkiýede gaz paýlaýjy merkezi döretmek barada barýar. Şol merkeziň üsti bilen gaz üçünji ýurtlara, ilkinji nobatda, eger-de gyzyklanma bildirseler, Ýewropa ýurtlaryna baryp gowşar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
global trade summit
Türkmenistanyň ilçisi «EKSPO – 2030 Er-Riýad» Bütindünýä sergisiniň wekili bilen duşuşdy

Türkmenistanyň ilçisi «EKSPO – 2030 Er-Riýad» Bütindünýä sergisiniň wekili bilen duşuşdy

23:04 Noýabr 05, 2026
Grenlandiýanyň parlamenti Daniýa we ABŞ bilen howpsuzlyk baradaky ylalaşygy makullady

Grenlandiýanyň parlamenti Daniýa we ABŞ bilen howpsuzlyk baradaky ylalaşygy makullady

23:00 Noýabr 05, 2026
Awstriýanyň kansleri Kristian Ştoker Şanhaýdaky Tuntszi uniwersitetine baryp gördi

Awstriýanyň kansleri Kristian Ştoker Şanhaýdaky Tuntszi uniwersitetine baryp gördi

22:30 Noýabr 05, 2026