HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň milli ýygyndysy Bakuda robot tehnikasy boýunça geçirilen ýaryşda kümüş medal gazandy

Dekabr 28, 2022 | 03:02 |8009
Türkmenistanyň milli ýygyndysyna gatnaşýan mekdep okuwçylary we talyplar Bakuda informatika we robot tehnkasy boýunça geçirilen halkara ýaryşlarynda toparlaýyn hasap boýunça kümüş medala mynasyp boldular. Ýaş inženerler bäsleşikde onlarça ýurtdan: Beýik Britaniýa, Ysraýyl, Türkiýe, Norwegiýa, Şwesiýa, Özbegistan, Gazagystan ýaly ýurtlardan bolan mynasyp we zehinli bäsdeşlerinden öňe geçip, ikinji ýeri eýelediler - diýip, Azerbaýjan metbugaty ýazýar.Türkmenistanyň milli ýygyndysyna gatnaşýan mekdep okuwçylary we talyplar Bakuda informatika we robot tehnkasy boýunça geçirilen halkara ýaryşlarynda toparlaýyn hasap boýunça kümüş medala mynasyp boldular. Ýaş inženerler bäsleşikde onlarça ýurtdan: Beýik Britaniýa, Ysraýyl, Türkiýe, Norwegiýa, Şwesiýa, Özbegistan, Gazagystan ýaly ýurtlardan bolan mynasyp we zehinli bäsdeşlerinden öňe geçip, ikinji ýeri eýelediler - diýip, Azerbaýjan metbugaty ýazýar.
Çeşme:

Türkmenistanyň milli ýygyndysyna gatnaşýan mekdep okuwçylary we talyplar Bakuda informatika we robot tehnkasy boýunça geçirilen halkara ýaryşlarynda toparlaýyn hasap boýunça kümüş medala mynasyp boldular. Ýaş inženerler bäsleşikde onlarça ýurtdan: Beýik Britaniýa, Ysraýyl, Türkiýe, Norwegiýa, Şwesiýa, Özbegistan, Gazagystan ýaly ýurtlardan bolan mynasyp we zehinli bäsdeşlerinden öňe geçip, ikinji ýeri eýelediler - diýip, Azerbaýjan metbugaty ýazýar.

Türkmen programmistleriniň robotlary halkara Baku ýaryşynda iň gowularyň sanawyna girdi. Mysal üçin, Maksat Kakajanowyň “Halas ediji” miniatýura modeli hemra aragatnaşygy arkaly işleýär we kynçylyga düşen adamy tapyp bilýär. Talyp Şöwket Şöhradowyň okuw meýilnamasy bolsa geljekki hünäriňi saýlamaga kömek eder. Programma iki dilde - rus we azerbaýjan dillerinde işleýär we taslamanyň awtory ikinji dili ýaryşyň bakuda geçirilýändigini göz öňünde tutmak bilen ýörite gurnady.

“Biziň goşundymyz – anketa (sorag-jogap). Ol ýaşlara geljekki hünärini saýlamaga kömek etmeli. Onda psihologiýa boýunça soraglar we programmirleme boýunça dürli okuw materiallary bar” - diýip, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň 4-nji ýyl talyby Şöwket Şöhradow gürrüň berýär.

Türkmen programmistleri häzirden indiki synaglara taýynlyk görüp başladylar – geljek ýylyň martynda olar robot tehnikasy boýunça bäsleşigiň geçirilýän şäheri Londona ugrarlar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Fransiýa 15 ýaşa çenli çagalar üçin sosial torlary gadagan etdi

Fransiýa 15 ýaşa çenli çagalar üçin sosial torlary gadagan etdi

21:00 Iýul 23, 2026
Kanada ABŞ-nyň 50 göterimlik gümrük paçlaryna jogap çärelerini görjekdigini duýdurdy

Kanada ABŞ-nyň 50 göterimlik gümrük paçlaryna jogap çärelerini görjekdigini duýdurdy

19:30 Iýul 23, 2026
Owganystandaky suw joşmalary: 20 adam heläk boldy, 80 adam ýaralandy, 100-den gowrak adam dereksiz ýitdi

Owganystandaky suw joşmalary: 20 adam heläk boldy, 80 adam ýaralandy, 100-den gowrak adam dereksiz ýitdi

18:00 Iýul 23, 2026