HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Tokaýew GDA üçin Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demirýolunyň möhümdigini nygtady

Dekabr 27, 2022 | 01:14 |6356
Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Sankt-Peterburgda GDA-nyň resmi däl sammitinde çykyş edip, Arkalaşygyň çäklerinde ulag babatda hyzmatdaşlyk etmegiň täze guralyny işe girizmäge çagyrdy hem-de Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demirýolunyň ähmiýetini belledi.Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Sankt-Peterburgda GDA-nyň resmi däl sammitinde çykyş edip, Arkalaşygyň çäklerinde ulag babatda hyzmatdaşlyk etmegiň täze guralyny işe girizmäge çagyrdy hem-de Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demirýolunyň ähmiýetini belledi.
Çeşme:

Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Sankt-Peterburgda GDA-nyň resmi däl sammitinde çykyş edip, Arkalaşygyň çäklerinde ulag babatda hyzmatdaşlyk etmegiň täze guralyny işe girizmäge çagyrdy hem-de Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demirýolunyň ähmiýetini belledi.

“GDA-nyň giňişliginde ulag-logistika taslamalarynyň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin hyzmatdaşlyk etmegiň täze gurallary we görnüşleri gerek. Şunda “Demirgazyk-Günorta” halkara geçelgesi aýratyn ähmiýete eýe bolup, onda Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demirýoly ulag ugrunyň möhüm düzümi bolup çykyş edýär. Biz Russiýa Federasiýasynyň hem bu taslamanyň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegine anyk gyzyklanma bildirendigini bilýäris. Elbetde, munuň özi goldanylýar” diýip, Tokaýew aýtdy.

Şeýle hem ol söwda üçin oňaýly şertleriň döredilmegine, munuň üçin nyrh babatdaky we nyrhlara degişli bolmadyk päsgelçilikleri aýyrmagyň üstünde giňişleýin işlemelidigine kärdeşleriniň ünsüni çekdi. “Azyk howpsuzlygy meselelerinde gatnaşyklary ýola goýmak gerek. Geljek ýyl Astanada geçiriljek GDA ýurtlarynyň ministrler maslahaty bu ulgamda umumy çemeleşmeleri tapmaga bagyşlanar” diýip, Tokaýew belledi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmen milli dünýä dilleri institutynda aýdym-sazly dabara geçirildi

Türkmen milli dünýä dilleri institutynda aýdym-sazly dabara geçirildi

16:05 Oktýabr 17, 2026
Yrak ABŞ bilen Eýranyň arasyndaky konflikt sebäpli ýitgilerini 60 milliard dollara golaý diýip bahalandyrdy

Yrak ABŞ bilen Eýranyň arasyndaky konflikt sebäpli ýitgilerini 60 milliard dollara golaý diýip bahalandyrdy

16:00 Oktýabr 17, 2026
Zelenskiý 2027-nji ýyl üçin Ýewropa Bileleşiginden ýene 70 milliard ýewro kömek sorady

Zelenskiý 2027-nji ýyl üçin Ýewropa Bileleşiginden ýene 70 milliard ýewro kömek sorady

15:00 Oktýabr 17, 2026