HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkiýe 2023-nji ýylda Gara deňizden 540 mlrd kubometr gaz çykarmagy meýilleşdirýär

Dekabr 27, 2022 | 16:28 |6302
Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan 2023-nji ýylyň birinji çärýeginde 540 mlrd kubometr möçberde Gara deňizden gazylyp çykaryljak gazdan peýdalanjakdygyny yglan etdi – diýip, RIA Nowosti habar berýär.Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan 2023-nji ýylyň birinji çärýeginde 540 mlrd kubometr möçberde Gara deňizden gazylyp çykaryljak gazdan peýdalanjakdygyny yglan etdi – diýip, RIA Nowosti habar berýär.
Çeşme:

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan 2023-nji ýylyň birinji çärýeginde 540 mlrd kubometr möçberde Gara deňizden gazylyp çykaryljak gazdan peýdalanjakdygyny yglan etdi – diýip, RIA Nowosti habar berýär.

«Biz Gara deňizde üsti açylan ýatakdan 540 mlrd kubometr tebigy gazy çykaryp, ondan 2023-nji ýylyň birinji çärýeginde öýlerimizde peýdalanarys» – diýip respublikanyň baştutany Atatürk uniwersitetinde talyp ýaşlaryň öňünde eden çykyşynda beýan etdi.

Türkiýäniň Gara deňziň çäklerinden gaz çykarmak meýilnamasyna $10 mlrd maýa goýjakdygy, mawy ýangyjyň ilkinji akymyny 2023-nji ýylyň birinji çärýeginde aljakdygy öň habar berlipdi. Şunda Türkiýäniň energetika ministrliginiň baştutany Gara deňizde tapylan gaz ýataklaryndaky gazyň baha möçberiniň $400 mlrd bolup biler – diýip belläpdi.

Türkiýäniň tebigy gazy öz bazaryny giňeltmek we diwersifikasiýa etmäge gyzyklanma bildirmegi ýurduň Ýewropanyň gaz haby bolmak islegi bilen düşündirilýär. Golaýda Türkiýäniň döwlet baştutany türkmen gazyny Ýewropanyň energiýa serişdeler bazaryna çykarmak baradaky meýillerini beýan edipdi.

Baglanyşykly okaň:

Türkiýe gazy Türkmenistandan Ýewropa ibermegiň ýol kartasyny tiz wagtda işläp düzmegi wada berdi

Türkmenistan, Аzerbaýjan we Türkiýe türkmen gazyny Ýewropanyň bazaryna ibermek boýunça sammit geçirerler

Türkiýe bir ýylyň dowamynda gaz habyny döretmek taslamasyny durmuşa geçirmegi niýet edinýär

ORIENT habarlar
Surat: ria.ru

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

00:53 Iýun 20, 2026
Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

23:55 Iýun 19, 2026
Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

21:30 Iýun 19, 2026