Eýran ýadro geleşigi baradaky ylalaşygy gaýtadan dikeltmek boýunça tamamlaýjy ädimleri ädýär - DIM-niň baştutany


Eýranyň daşary işler ministri Hoseýn Amir Abdollahiýan ýurduň eýran ýadro maksatnamasy boýunça Bilelikdäki hemme zady öz içine alýan hereketleriň meýilnamasyny gaýtadan dikeltmek baradaky ylalaşygy baglaşmaga taýýardygyny beýan etdi.
Bu barada EYR-nyň DIM-niň baştutanynyň Ýewropa Birleşiginiň daşary işler we howpsuzlyk syýasaty boýunça ýokary derejeli wekili Žozep Borrel bilen geçiren duşuşygynyň jemleri boýunça “Izwestiýa” portaly ýazýar.
“Žozep Borrel bilen duşuşykda ylalaşygy gaýtadan dikeltmek boýunça tamamlaýjy ädimler barada özara ylalaşyga geldik. Eýran bilen geleşik üçin mümkinçilik penjiresi açykdyr, ýöne hemişe däl” – diýip, Eýranyň daşary syýasy edarasynyň baştutany aýtdy.
Ylalaşyk 2015-nji ýylda Howpsuzlyk geňeşiniň bäş agza döwletiniň we Eýranyň arasynda baglaşylypdy. Ol ýadro maksatnamasyny çäklendirmegiň öwezine Eýran Yslam Respublikasyndan sanksiýalary aýyrmaklygy göz öňünde tutýardy. Ýöne 2018-nji ýylda ABŞ-nyň ylalaşykdan çykmagy we berk sanksiýalaryň girizilmegi bilen, Eýran ylalaşygyň käbir borçnamalaryny äsgermän başlady.
Taraplaryň Bilelikdäki hemme zady öz içine alýan hereketleriň meýilnamasyna gaýdyp gelmegi sanksiýalaryň aýrylmagy mynasybetli eýran energiýa serişdeleriniň dünýä bazaryna düşmeginiň hasabyna belli bir derejede dünýä energetika gytçylygyny deňleşdirip biler.
ORIENT habarlar
Surat: ria.ru








