HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

TDHÇMB-daky söwdalaşyklar: Jet A-1 uçar kerosini we dizel ýangyjy uly islegden peýdalandy

Dekabr 26, 2022 | 14:47 |13205
Anna güni, 23-nji dekabrda Türkmenistanyň döwlet haryt-çig mal biržasyndaky söwdalaşyklarda umumy bahasy $17,6 mln. amerikan dollaryna we 57 müň türkmen manadyna barabar bolan 13 geleşik baglaşyldy.Anna güni, 23-nji dekabrda Türkmenistanyň döwlet haryt-çig mal biržasyndaky söwdalaşyklarda umumy bahasy $17,6 mln. amerikan dollaryna we 57 müň türkmen manadyna barabar bolan 13 geleşik baglaşyldy.
Çeşme:

Anna güni, 23-nji dekabrda Türkmenistanyň döwlet haryt-çig mal biržasyndaky söwdalaşyklarda umumy bahasy $17,6 mln. amerikan dollaryna we 57 müň türkmen manadyna barabar bolan 13 geleşik baglaşyldy.

Owganystandan gelen telekeçi Jet A-1 uçar kerosininiň 500 tonnasyny satyn aldy, onuň her tonnasynyň bahasy $909,25 boldy.

Özbegistandan we Owganystandan gelen işewürler Л-0,5-62 kysymly dizel ýangyjynyň 5 müň tonnasyny satyn almak boýunça geleşik baglaşdylar. Nebit önüminiň her tonnasynyň bahasy $961,50 boldy, geleşikleriň umumy jemi bolsa $4,5 mln amerikan dollaryndan geçdi.

Söwdalaşyklaryň barşynda Birleşen Arap Emirlikleriniň we Owganystanyň wekilleri Л-0,5-62 kysymly dizel ýangyjynyň 15 müň tonnasyny satyn aldylar, onuň her tonnasynyň bahasy $854,50 boldy. Geleşikleriň umumy jemi $12,6 mln. amerikan dollaryna barabar boldy.

Söwdalaşyklara goýlan harytlar barada maglumatlar bilen Türkmenistanyň Döwlet haryt we çig mal biržasynyň resmi web saýty arkaly şu ýerden tanşyp bilersiňiz.

Oba hojalygy, senagat we aragatnaşyk bölümlerinde, şeýle hem söwda toplumynda söwdalaşyk duşenbe-anna günleri 16:00-da, şenbe güni sagat 11:30-da başlanýar. Nebit we gaz pudagynda birža söwdasy duşenbe-anna günleri 16:30-da, şenbe güni 12:00-da başlanýar.

Şol bir wagtyň özünde, tmex.gov.tm web sahypasynda, birža harytlaryny gönümel öndürijilerden satmak teklipleri bilen funksional platformanyň üsti bilen habarlaşyp bilersiňiz. Şeýle hem birža harytlarynyň satuwy barada bildirişleri hem çap edip bolýar.

ORIENT news
Surat: redaksiýa arhiwinden

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
global trade summit
Türkmenistanyň ilçisi «EKSPO – 2030 Er-Riýad» Bütindünýä sergisiniň wekili bilen duşuşdy

Türkmenistanyň ilçisi «EKSPO – 2030 Er-Riýad» Bütindünýä sergisiniň wekili bilen duşuşdy

23:04 Noýabr 05, 2026
Grenlandiýanyň parlamenti Daniýa we ABŞ bilen howpsuzlyk baradaky ylalaşygy makullady

Grenlandiýanyň parlamenti Daniýa we ABŞ bilen howpsuzlyk baradaky ylalaşygy makullady

23:00 Noýabr 05, 2026
Awstriýanyň kansleri Kristian Ştoker Şanhaýdaky Tuntszi uniwersitetine baryp gördi

Awstriýanyň kansleri Kristian Ştoker Şanhaýdaky Tuntszi uniwersitetine baryp gördi

22:30 Noýabr 05, 2026