HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Italiýanyň Türkmenistandaky täze ilçisi: sebitdäki durnuklylyk we Ýewropa üçin gaz barada

Dekabr 23, 2022 | 05:05 |6738
“Türkmenistan adatdan daşary uly geljegi bolan, syýasy taýdan goldawa eýe bolmagy bilen tebigy serişdelere baý ýurtdyr, bu bolsa ony sebitde durnuklylygyň möhüm ýagdaýyna öwürýär” diýip, **[Italiýanyň Türkmenistandaky täze ilçisi](https://orient.tm/ru/post/42532/italiya-naznachila-novogo-posla-v-ashhabade)** Luidji Ferrari ilçileriň Farnezinada (ýerleşen ýeri boýunça – Farnezina köşgünde Italiýanyň daşary syýasat edarasy şeýle atlandyrylýar) geçirilen maslahatyň çäklerinde aýtdy.“Türkmenistan adatdan daşary uly geljegi bolan, syýasy taýdan goldawa eýe bolmagy bilen tebigy serişdelere baý ýurtdyr, bu bolsa ony sebitde durnuklylygyň möhüm ýagdaýyna öwürýär” diýip, **[Italiýanyň Türkmenistandaky täze ilçisi](https://orient.tm/ru/post/42532/italiya-naznachila-novogo-posla-v-ashhabade)** Luidji Ferrari ilçileriň Farnezinada (ýerleşen ýeri boýunça – Farnezina köşgünde Italiýanyň daşary syýasat edarasy şeýle atlandyrylýar) geçirilen maslahatyň çäklerinde aýtdy.
Çeşme:

“Türkmenistan adatdan daşary uly geljegi bolan, syýasy taýdan goldawa eýe bolmagy bilen tebigy serişdelere baý ýurtdyr, bu bolsa ony sebitde durnuklylygyň möhüm ýagdaýyna öwürýär” diýip, Italiýanyň Türkmenistandaky täze ilçisi Luidji Ferrari ilçileriň Farnezinada (ýerleşen ýeri boýunça – Farnezina köşgünde Italiýanyň daşary syýasat edarasy şeýle atlandyrylýar) geçirilen maslahatyň çäklerinde aýtdy.

“Ilkinji nobatda, gaz – munuň özi 15 trillion kubmetr ätiýaçlyk gory bolan möhüm serişdedir, bu bolsa Türkmenistany dünýäde 4-5-nji orunda goýýar” diýip, ilçi sözüni dowam etdi. Munuň özi Russiýa Federasiýasynyň gazynyň ätiýaçlyk gorlarynyň ýarsyndan azrak möçberdäki baýlykdyr diýip, Italiýanyň Ansa habarlar agentligi diplomatyň sözlerini getirýär.

2 (9).jpg

“Häzirki wagt bu gazyň 80%-i Hytaýa üstaşyr iberilýär” diýip, Ferrari sözüniň üstini ýetirdi. – Biziň borjumyz bu serişdäniň Hazaryň üsti bilen Türkiýä akyp bilmegini hem-de Günorta Ýewropa üçin elýeterli bolmagyny gazanmakdan ybaratdyr – diýip, ilçi aýtdy.

Ilçileriň Italiýadaky maslahaty 21-22-nji dekabrda “Italýan diplomatiýasy üýtgäp durýan dünýäde ýurduň gullugynda” diýen şygar astynda Farnezinada geçirildi. Çäre bütin dünýä boýunça Italiýanyň diplomatik wekilhanalarynyň baştutanlarynyň 100-den gowragyny bir ýere jemledi. Maslahat ýapyk gapylaryň aňyrsynda geçirildi. Ýöne, mejlisleriň käbiri KHBS-leriň wekilleri üçin açyk boldy.

3 (5).jpg

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Eýran Ormuz bogazyny dolandyrmak barada deslapky kanun taslamasyna seredýär

Eýran Ormuz bogazyny dolandyrmak barada deslapky kanun taslamasyna seredýär

22:00 Awgust 07, 2026
Tramp dogluş boýunça raýatlyk almaga hukugy bolan adamlaryň gerimini çäklendirýän iki ýerine ýetiriji permana gol çekdi

Tramp dogluş boýunça raýatlyk almaga hukugy bolan adamlaryň gerimini çäklendirýän iki ýerine ýetiriji permana gol çekdi

21:00 Awgust 07, 2026
Ilon Maskyň Falcon 9 raketasynyň basgançagy Aý bilen çaknyşdy

Ilon Maskyň Falcon 9 raketasynyň basgançagy Aý bilen çaknyşdy

19:00 Awgust 07, 2026