HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanda mikroelementler baradaky maglumatlar zenanlaryň we çagalaryň arasynda ganazlygyň ýaýramagynyň öňüni almaga kömek eder

Dekabr 23, 2022 | 04:12 |3343
Penşenbe güni Aşgabatda zenanlaryň we çagalaryň arasynda mikroelementler boýunça milli barlaglar üçin maglumatlary ýygnamak ugrundaky taslama badalga berildi. Maksatnamany ÝUNISEF bilen hyzmatdaşlyk Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi öňe sürdi we ol 2023-nji ýylyň 15-nji ýanwaryna çenli dowam eder.Penşenbe güni Aşgabatda zenanlaryň we çagalaryň arasynda mikroelementler boýunça milli barlaglar üçin maglumatlary ýygnamak ugrundaky taslama badalga berildi. Maksatnamany ÝUNISEF bilen hyzmatdaşlyk Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi öňe sürdi we ol 2023-nji ýylyň 15-nji ýanwaryna çenli dowam eder.
Çeşme:

Penşenbe güni Aşgabatda zenanlaryň we çagalaryň arasynda mikroelementler boýunça milli barlaglar üçin maglumatlary ýygnamak ugrundaky taslama badalga berildi. Maksatnamany ÝUNISEF bilen hyzmatdaşlyk Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi öňe sürdi we ol 2023-nji ýylyň 15-nji ýanwaryna çenli dowam eder.

Mikroelementler – munuň özi, organizm üçin möhüm, ýöne, oňa örän az möçberlerde zerur bolan ýokumly maddalardyr. Mikroelementleriň käbirleri organizmiň özünde sintezlenýär, beýlekileri oňa iýmit arkaly barýar, iki ýagdaýda-da gürrüň örän kiçi möçberler – milligramlar ýa-da mikrogramlar barada barýar.

1 (8).jpg

Zerur bolan maglumatlary Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Halkara ylym-okuw merkezinde iki hepdelik okuw geçen taýýarlykly işgärleriň 60-sy toplar. Olar 12 topara bölündi we maglumatlar zenanlara we çagalara degişlilikde dört ugur boýunça: öý hojalyklarynyň ýaşaýjylarynyň, 6 aýdan 59 aýa çenli ýaş aralygyndaky çagalaryň, çaga dogurmaga ukyply ýaşdaky (15-49 ýaş) göwreli däl zenanlaryň hem-de göwreli zenanlaryň arasynda alnyp barylar.

Barlaglar Aşgabatda geçiriler, şeýle hem Türkmenistanyň ähli welaýatlaryny gurşap alar. Degişli adamlaryň arasynda maglumatlary toplamakdan başga-da, hünärmenlere biologik nusgalar – gan, peşew berler. Bu maglumatlary olar her sebitdäki Saglyk öýlerinden alyp bilerler.

2 (8).jpg

Hünärmenler tarapyndan berlen serişdeler Türkmenistanda mikroelementleriň (demriň, foliýe kislotasynyň, A we D witaminleriniň) ýetmezçilik etmeginiň dürli görnüşleriniň ýaýraýşyna hemme taraplaýyn baha bermäge hem-de zenanlaryň we çagalaryň arasynda ýeterlik iýmitlenmezlik töwekgelçiliginiň bar bolan ýagdaýlaryny ýüze çykarmaga mümkinçilik berer.

Mundan başga-da, mikroelementler boýunça barlaglaryň netijeleri zenanlaryň we çagalaryň arasynda ganazlygyň ýaýramagynyň öňüni almak boýunça milli maksatnamanyň düzülmegine kömek eder.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbegistanlylar daşary ýurt walýutasyny banklara has köp satyp başladylar

Özbegistanlylar daşary ýurt walýutasyny banklara has köp satyp başladylar

23:30 Iýun 25, 2026
Özbek halk tansy Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi

Özbek halk tansy Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi

23:20 Iýun 25, 2026
Dina Zaripowa Türkmenistanda geçiriljek «Tatar gyzy» bäsleşiginde Tatarystana wekilçilik eder

Dina Zaripowa Türkmenistanda geçiriljek «Tatar gyzy» bäsleşiginde Tatarystana wekilçilik eder

23:10 Iýun 25, 2026