Futbol boýunça Türkmenistanyň çempionaty tamamlandy: bürünç baýragyň eýesi belli boldy


20-nji dekabrda dört oýnuň geçirilmegi bilen futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň jemleýji, 28-nji tapgyry tamamlandy.
Ýaryşyň tamamlanmagyna çenli üç tapgyr galanda, öz taryhynda ilkinji gezek çempionlyga eýe bolan “Ahal” ýeňiji boldy. Mergen Orazowyň tälim berýän türgenleri 73 utuk toplap, 2023-n ji ýylda AFK-nyň çempionlar ligasynyň toparlaýyn tapgyrynda çykyş etmäge hukuk gazandylar.
Ikinji orunda eks-çempion – Aşgabadyň “Altyn asyry”. Aragatnaşykçylaryň topary ýaryşy 61 utuk bilen tamamlady.
Ýöne, soňky tapgyr janköýerleriň: “Bbürünç medallaryň eýesi we şonuň bilen degişlilikde, Aziýanyň futbol toparlarynyň arasynda ähmiýeti boýunça ikinji bolan AFK-2023 Kubok ýaryşynda Türkmenistana wekilçilik etjek kim bolar?” diýen baş sowalyna jogap bolmalydy – jemleýji tapgyryň oýny başlanýança hersiniň, degişlilikde, 43 we 42 utugy bolan Marynyň “Merw” toparymy ýa-da Aşgabadyň “Köpetdagymy”?
Türkmenistanyň çempiony hem, Kubogynyň eýesi hem -- şol bir “Ahal” topary bolany sebäpli, AFK-2023 Kubok ýaryşynda Türkmenistana wise-çempiondan (“Altyn Asyr”) başga, milli birinjilik ugrundaky ýaryşyň bürünç baýragynyň eýesi wekilçilik etmäge hukuk gazanýar.
“Köpetdag” bürünje mynasyp bolmak üçin şu günki garşydaşy bolan Marynyň “Energetika” toparyny (8-nji orun, 15 utuk) ýeňmelidi. Içeri işler ministrliginiň topary ýaryşyň soňunda gelýän garşydaşyndan kynçylyksyz üstün çykyp, ony 0:2 hasabynda utmak bilen, wezipesine hötde geldi.
Indi Türkmenbaşy şäheriniň “Şagadam” toparynyň (5-nji orun, 35 utuk) meýdançasyna myhmançylyga ugran Marynyň futbolçylarynyň şowsuzlyga ýol bermegine garaşmalydy. Emma, “Merw” Aziýanyň Kubogy-2023-e gatnaşmak mümkinçiligini elden gidirmezlik kararyna geldi.
Marynyň toparynyň oýunçylary kenarýakasynyň futbolçylary bilen bolan örän dartgynly duşuşykda 2:1 hasabynda ýeňiş gazanyp, bürünç medallaryň hem-de Aziýanyň Kubogy-2023-e gatnaşmaga arzyly ýollanmanyň eýeleri boldular.
Jemleýji tapgyryň beýleki oýunlarynda “Ahal” “Aşgabady” (6-njy orun, 30 utuk) – 4:1 hasabynda utdy, “Nebitçi” (7-nji orun, 17 utuk) bolsa uly hasap – 3:0 bilen “Altyn Asyrdan” ýeňildi.
Derwezelere 27 gol geçiren Didar Durdyýew çempionatda iň köp pökgini tora salan oýunçy diýlip yglan edildi. Mergenleriň sanawyndaky ikinji orunda 21 gezek tapawutlanan “Merwiň” futbolçysy Alibek Abdyrahmanow. “Köpetdagyň” oýunçysy Begenç Akmämmedow geçiren 19 goly bilen öz adyna üçünji orny berkitdi.
Artur PETROSÝANS








