Argentina çempion! Maradona hoşaldyr


Gündogara mahsus häsiýetli futbol ertekisi tamamlandy. Futbol janköýerleriniň köpüsiniň arzuwy hasyl boldy – akyla sygjak we sygdyryp, bolmajak rekordlaryň ählisiniň eýesi bolan Messi özi üçin iň soňky (köpler şeýle pikir edýär) mundialda ahyrsoňy dünýä çempiony boldy!
Katarda – ýeňişlerden ýaňa üýtgeşik begenç duýgulary we ýerine ýetmedik umytlar, baýrakly orunlara dalaş etmeýän toparyň çykarýan garaşylmadyk hokgasy we öňdebaryjylaryň uçran şowsuzlyklary, garaz hemmesi boluypdy.
Şeýle-de, dökülen der kän boldy, ýönekeý janköýerlerde bolşy ýaly, dünýä meşhur ýyldyzlarda-da begenç gözýaşlary döküldi...
Ýekşenbe güni “Lusail Iconic” stadionynyň meýdançasynda we tribunalarynda gaýnap joşan energiýa asmany-da sarsdyrýana çalymdaşdy... Futbolyň taryhy beýle dartgynly we çylşyrymly ýaryşa hiç wagt gabat gelmändi.

Birinji ýarym argentinalylara tanlyk boldy, olar tehniki taýdan has emelli bolup, taktiki "duzaklaryna" fransuzlaryň hüjümçi güýçleriniň gaýta-gaýta düşüp durdular. Özleri bolsa Uzak Gündogaryň akyldarlarynyň ýörelgesini ussatlyk bilen netijeli ulanmagy (ähtimal, özleri-de bilmän) başardylar - güýç boşlukda! Fiziki taýdan güýçli garşydaşlary bilen çaknyşmazlyk üçin olar topy ýany garşydaşsyz bolan topardaşyna gönükdirip durdular, bu bolsa olara barlyşyksyz söweşe girmezden öňe gitmäge mümkinçilik berdi.
Bu taktika argentinalylara şoňa çenli dünýä çempiony bolan fransuzlardan öňe geçmäge puryja berdi. Şeýlelik bilen, birinji ýarym tamamlandy we argentinalylaryň peýdasyna 2:0 hasaby güýç gatnaşygyny doly görkezdi.

Duşuşygyň ikinji ýarymynyň başy argentinalylar üçin erbet başlanmady. Duşuşygy soňuna çenli şu ýagdaýda dowam etmek ýeterlikdi. Ýöne 15-20 minutdan Argentinanyň milli ýygyndysynyň düzüminde gom başlanan ýaly boldy. Ýeňşiň ýakynlaşanyny dýan argentinalylaryň “başy sämedimi” ýa-da fransuzlar ýagdaýy halas etmek üçin sanalgyja minutlaryň galanyny bilip, ýöne işjeňlik gezegini garşydaşlaryna geçiren ýaly bolup durdy.
Ýeňilmezek Kilian Mbappe iki minutyň içinde iki pökgi geçirip (olaryň biri jerime urgusy), argentinalylaryň ýeňşe bolan ynamyny çym-pytrak etdi.
Psihologiki artykmaçlygyň eýýäm fransuz toparynyň tarapyndadygyny hasaba almazdan, goşmaça wagtyň dowamynda iki toparam hemmesini täzeden başlamalydy.

Ilkinji 15 minutda iki topar hem garşydaşyny ýalňyşlykda tutmaga köp synanyşdylar. Meseleleriň agramly bölegini toparlaryň ikisi-de soňa goýan ýalydy. Ine-de, Argentinanyň bagtyna 109-njy minutda ýanbermez Lionel Messi topy fransuzlaryň derwezesinden geçirdi, goragçy ony yzyna gaýtardy, ýöne top arzyly çyzykdan geçensoň! Hasap - 3:2.
Hemme zat çözüldi diýen ýaly! Oýnuň tamamlanmagyna bary-ýogy birnäçe minut galypdy we bu gezek futbol symrug guşy Argentinanyň milli ýygyndysynyň elinden sypmaz! Bu ýurtdan öz söýgüli futbolçylaryny goldamak üçin gelen kyrk müňe golaý janköýer şatlygyna bäs gelibilenokdy.
Ýöne bu keýpiçaglyk uzaga çekmedi - argentinalylaryň jerime meýdançasynda urlan top soňra goragçynyň eline degdi we eminiň hökümi rehimsiz, ýöne düzgünlere görä adalatly boldy. Mbappe jerime urgusyny ýerine ýetirende, gysga wagtlyk säginip, derwezäniň çep tarapyna çenenen ýaly etdi welin, derwezeban şol tarapa ylgady, mundan peýdalanan Mbappe pökgini derwezäniň sag tarapky burçundan geçirdi. Hasap - 3:3.
Netijede, iş jerime urgusyna bardy. Dünýäniň ähli janköýerleri bir kanunalaýyklygy, ýagny ýeňiş üçin bar güýjüni orta goýan ýaryşyň iň gowy oýunçysyna jerime urgusynda garaşýan şowsuzlygy näletleýärler.

Ilkinji bolup, Mbappe bilen Messi jerime urgusyny urmalydylar. Olar rowaýatlardaky söweşden öň hatardan çykyp, bire-bir tutluşýan pälwanlar ýalydy. Haýsy gahryman ýeňse, şonuň leşgeri-de asmanyň goldawy bilen üpjün bolýar hasap edilýärdi.
Ýene-de öz işiniň beýik ussady Mbappe bu pursaty elden bermedi.
Argentinany goldaýanlar sabyrsyzlyk bilen garaşýardylar: hakykatdanam...
Emma Messi, şol bir hereketler birnäçe gezek gaýtalanýan sahnada bolşy deýin, öz sowatly ýalan hereketleri bilen derwezebany bir gapdala ugradyp, gysgajyk pursaty ara salmak bilen pökgini beýleki tarapdan geçirdi.
Bu, argentinalylar üçin ýeňşiň ýakyndygyny aňladýan nyşan boldy, şondan soň olar fransuzlaryň derwezesine yzly-yzyna pökgi geçirip ugradylar, hatda iň soňky - bäşinji jerime urgyny urmagyň zerurlygy ýokdy, olaryň garşydaşlary onsuzam ýeňilipdi.

Meýdanda, münberlerde we ummanyň beýleki tarapynda - uzak Argentinada şatlanýanlaryň sany-sajagy ýokdy.
...Rowaýata öwrülen Maradonanyň ýolbaşçylygyndaky Argentina milli ýygyndysy soňky gezek 1986-njy ýylda çempion bolupdy. Şol wagt Diego 26 ýaşyndady.
Bu gün bolsa, onuň yzyna eýerýänler çempion adyna mynasyp bolup, meýdança Maradonanyň suratyny alyp çykanlarynda onuň futbol jennetindäki ruhy hoşal bolup, belki ýylgyrandyr...
ORIENT news








