HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Zenanlar üçin STEM ugry boýunça TechWomen 2023 maksatnamasyna ýüz tutmalary kabul etmek tamamlanýar

Dekabr 19, 2022 | 23:57 |7191
ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasy STEM ugry boýunça – ylym, tehnologiýa, inženerçilik we matematika boýunça halypaçylyk maksatnamasyna gatnaşmak üçin ýüz tutmalaryň kabul edişligiň dowam edýändigini ýatlatdy. TechWomen 2023.ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasy STEM ugry boýunça – ylym, tehnologiýa, inženerçilik we matematika boýunça halypaçylyk maksatnamasyna gatnaşmak üçin ýüz tutmalaryň kabul edişligiň dowam edýändigini ýatlatdy. TechWomen 2023.
Çeşme:

ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasy STEM ugry boýunça – ylym, tehnologiýa, inženerçilik we matematika boýunça halypaçylyk maksatnamasyna gatnaşmak üçin ýüz tutmalaryň kabul edişligiň dowam edýändigini ýatlatdy. TechWomen 2023.

Maksatnama gatnaşmaga gyzyklanma bildirýän adamlaryň STEM ugryndan iň azyndan iki ýyl iş tejribesi bolmalydyr, bakalawr derejesi ýa-da dört ýyllyk ýokary bilimi bolmalydyr. Olar şeýle hem iňlis dilini suwara bilmelidirler.

Anketany dolduranlarynda dalaşgärler şu alty ugruň birini saýlap bilerler – maglumat tehnologiýalary, «ýaşyl tehnologiýalar», ylym, internet, biotehnologiýalar ýa-da telekommunikasiýa.

Arzalary tabşyrmagyň soňky möhleti – 2023-nji ýylyň 13-nji ýanwary.

TechWomen – bu öz kärinde ussat hünärmenler üçin bäş hepdelik alyş-çalyş maksatnamasy bolup, ol bütin dünýä boýunça aýallaryň we gyzlaryň derejesiniň öňe sürülmegini goldaýar, şeýle hem olara ylym, tehnologiýalar, inženerçilik we matematika (STEM) ugurlarynda ösmäge kömek edýär.

Maksatnama Demirgazyk Amerika, Ýakyn Gündogar ýurtlaryň, Saharadan başlap Afrikanyň günortasynda ýerleşýän ýurtlaryň, Günorta we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň wekilleri bilen tejribe alyşmak üçin ABŞ-a gitmäge mümkinçilik berýär.

Maksatnama Kaliforniýadaky Silikon jülgesinde liderlik başarnyklary, innowasiýa we döredijilikli pikirlenme mowzugyna bagyşlanan seminarlaryň birnäçesi bilen başlanýar. Soňra 15 günüň dowamynda gatnaşyjylar Silikon jülgesinde we San-Fransisko aýlagynda öňdebaryjy innowasion kompaniýalarda we edaralarda ýekebara halypaçylyk maksatnamasyny geçerler. Soňra olar toparlaýyn ýumuş üçin öz ýurtlaryndan gelen beýleki gatnaşyjylara goşularlar.

TechWomen Waşingtonda üç günlük maksatnama bilen tamamlanýar, onuň içinde Döwlet departamentine baryp görmek hem bar, ol ýerde gatnaşyjylar Döwlet departamentiniň wekilleri bilen duşuşarlar.

Goşmaça maglumat üçin ABŞ-nyň döwlet departamentiniň maglumatlar we medeniýet bölümi bilen şu elektron salgy boýunça habarlaşyp bolýar AshgabatEducation@state.gov.

ORIENT habarlar
Surat: kiiky.com

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Kanada ABŞ-dan getirilýän harytlara 20 milliard ABŞ dollary möçberinde jogap salgytlaryny girizýär we telekeçiligi goldamak boýunça çäreler toplumyny yglan edýär

Kanada ABŞ-dan getirilýän harytlara 20 milliard ABŞ dollary möçberinde jogap salgytlaryny girizýär we telekeçiligi goldamak boýunça çäreler toplumyny yglan edýär

19:30 Awgust 26, 2026
Aşgabat we Astana strategik hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmaga ygrarlydyklaryny tassykladylar

Aşgabat we Astana strategik hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmaga ygrarlydyklaryny tassykladylar

19:10 Awgust 26, 2026
Beýik Britaniýada rekord derejedäki yssy ulag ulgamyndaky meselelerini ýüze çykardy

Beýik Britaniýada rekord derejedäki yssy ulag ulgamyndaky meselelerini ýüze çykardy

17:00 Awgust 26, 2026