HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

BMG-nyň çärýekleýin hasabaty Owganystandaky ýagdaýy suratlandyrýar

Dekabr 19, 2022 | 05:48 |6921
BMG-nyň Baş sekretary António Guterriş Owganystan boýunça soňky çärýekleýin hasabatyny çap etdi, ol onda ýurtdaky ykdysady, ynsanperwer we syýasy ýagdaýy görkezýär.BMG-nyň Baş sekretary António Guterriş Owganystan boýunça soňky çärýekleýin hasabatyny çap etdi, ol onda ýurtdaky ykdysady, ynsanperwer we syýasy ýagdaýy görkezýär.
Çeşme:

BMG-nyň Baş sekretary António Guterriş Owganystan boýunça soňky çärýekleýin hasabatyny çap etdi, ol onda ýurtdaky ykdysady, ynsanperwer we syýasy ýagdaýy görkezýär.

Hasabatda aragatnaşyk, söwda we üstaşyr geçiş, şol sanda BAE-den kompaniýa bilen birnäçe halkara howa menzili üçin howa hereketini dolandyrmak babatda şertnama gol çekilmegi ýaly käbir öňegidişlikleriň bardygy aýdylýar.

BMG-nyň Baş sekretary Owganystandaky ykdysady ösüşiň subutnamalaryna salgylanyp, aşakdaky maglumatlary görkezýär:

"Gyrgyzystanyň we Özbegistanyň üsti bilen Owganystany Hytaý bilen birleşdirjek demirýol we awtoýol söwda geçelgesiniň gurluşygyny synagdan geçirmek üçin dörttaraplaýyn şertnama barada 10-njy sentýabrda bildiriş";

"Russiýa Federasiýasyndan benzin, dizel ýangyjyny, suwuklandyrylan nebit gazyny we bugdaýy ýeňillikli bahadan import etmek barada 27-nji sentýabrda bildiriş";

“Hökümet Owganystany “Bir guşak, bir ýol” başlangyjyna goşmak üçin Hytaý bilen we Owganystan-Päkistan-Hindistan gaz geçirijisi boýunça Türkmenistan bilen yzygiderli işleşýär”;

"10-njy oktýabrda hökümet turbageçirijileriň gurluşygy, senagat parklaryna we Hyratyň ýaşaýjylaryna gaz üpjünçiligi ýaly birnäçe mesele boýunça Türkmenistan bilen ylalaşyk gazanylandygyny habar berdiler";

"2-nji noýabrda Hytaý bilen Päkistan bilelikdäki beýanynda owgan halkyna ynsanperwer we ykdysady kömegi bermegi dowam etdirmegiň we Owganystanyň ösüşi üçin hyzmatdaşlygy, şol sanda Hytaý-Päkistan ykdysady geçelgesine goşmak arkaly giňeltmegiň zerurlygy barada ylalaşdylar";

"25-nji oktýabrda hökümet Özbegistanyň maliýe we tehniki kömegi bilen durky täzelenen Mazar-i-Şerif halkara howa menzilini açdy";

Hasabatda "Hindistana we Pakistana eksport öňki ýyl bilen deňeşdirilende has ýokary, esasy harytlaryň bahalary durnukly ýagdaýa geldi we käbir ýagdaýlarda pese gaçdy, munuň sebäbi Russiýa Federasiýasyndan import edilmegi bilen bagly bolup biler" diýilýär.

Hasabata görä, owganlaryň aglabasy henizem garyplykda ýaşaýar we olaryň bu ýagdaýy gowulaşdyrmak mümkinçiligi ujypsyz, sebäbi ilatyň 90%-den gowragy azyk ýetmezçiligini başdan geçirýär.

Hasabatda BMG-nyň 2021-nji ýylyň 1-nji dekabryndan 2022-nji ýylyň noýabr aýyna çenli Owganystana ABŞ-nyň 1,63 milliard dollaryny nagt görnüşde berendigi aýdylýar.

“Maliýe serişdeleri Bütindünýä Banky we 30 sany hökümete degişli bolmadyk halkara guramalar tarapyndan Owganystanyň Halkara Bankynyň üsti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň dürli guramalarynyň, fondlarynyň ýa-da maksatnamalarynyň 19-synyň arasynda paýlanyldy” – diýlip, habarda berilýär. “Nagt pul serişdeleri owgan walýutasyny durnuklaşdyrmaga we hýurduň hökümetiniň gönüden-göni goldawy bolmazdan, ykdysady itergi bolup hyzmat etmegini dowam etdirdi.”

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmen milli dünýä dilleri institutynda aýdym-sazly dabara geçirildi

Türkmen milli dünýä dilleri institutynda aýdym-sazly dabara geçirildi

16:05 Oktýabr 17, 2026
Yrak ABŞ bilen Eýranyň arasyndaky konflikt sebäpli ýitgilerini 60 milliard dollara golaý diýip bahalandyrdy

Yrak ABŞ bilen Eýranyň arasyndaky konflikt sebäpli ýitgilerini 60 milliard dollara golaý diýip bahalandyrdy

16:00 Oktýabr 17, 2026
Zelenskiý 2027-nji ýyl üçin Ýewropa Bileleşiginden ýene 70 milliard ýewro kömek sorady

Zelenskiý 2027-nji ýyl üçin Ýewropa Bileleşiginden ýene 70 milliard ýewro kömek sorady

15:00 Oktýabr 17, 2026