HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Soňky söweşe çykan ýaly: "Merw" ýurduň çempiony "Ahaly" ilkinji ýeňlişine sezewar etdi

Dekabr 18, 2022 | 05:17 |11360
Şenbe güni Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 26-njy tapgyrynyň oýunlary geçirildi. Ýurduň çempiony – "Ahal" we kümüş medal gazanan "Altyn Asyr" futbol toparlarynyň ykbaly birinjilik ugrundaky ýaryşlaryň gutarmazyndan üç tapgyr öň belli bolan bolsa, üçünji ýere toparlaryň haýsysynyň mynasyp boljakdygy şu güne näbelli.Şenbe güni Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 26-njy tapgyrynyň oýunlary geçirildi. Ýurduň çempiony – "Ahal" we kümüş medal gazanan "Altyn Asyr" futbol toparlarynyň ykbaly birinjilik ugrundaky ýaryşlaryň gutarmazyndan üç tapgyr öň belli bolan bolsa, üçünji ýere toparlaryň haýsysynyň mynasyp boljakdygy şu güne näbelli.
Çeşme:

Şenbe güni Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 26-njy tapgyrynyň oýunlary geçirildi. Ýurduň çempiony – "Ahal" we kümüş medal gazanan "Altyn Asyr" futbol toparlarynyň ykbaly birinjilik ugrundaky ýaryşlaryň gutarmazyndan üç tapgyr öň belli bolan bolsa, üçünji ýere toparlaryň haýsysynyň mynasyp boljakdygy şu güne näbelli.

Bürünç medal ugrunda iki klub göreşýär – “Merw” bilen “Kopetdag”. Toparlary bir-birinden bir utuk daşlaşdyrýar.

Tapgyryň merkezi oýny Maryda geçirildi. "Merw" topary “Sport toplumy” stadionynda "Ahal" bilen duşuşdy. Marynyň futbol klubuna ilkinji üçlükde galmak üçin ýeňiş gazanmak zerurdy.

Merw ilkinji minutlardan oýny “öz eline” aldy. Garşydaşyň goragyndaky birnäçe ýalňyşlyk 10-njy minutda Orazberdi Myradowyň pökgini tora girizmegine sebäp boldy.

– Duşuşyga soňky söweş ýaly çykdyk. Bizi hatda deňme-deň netije-de kanagatlandyrmaýardy. Biziň maksadymyz - diňe ýeňiş, diňe üç utuk gazanyp, ýeňmek – diýip, biraz soňra "Merwiň" derwezeçisi Merdan Saparow ORIENT bilen söhbetdeşlikde aýtdy.

... Bäş minut soň “Ahalyň” ýarymgoragçysy Resul Hojaýew burçdan berlen pökgini derwezeden geçirip, hasaby deňledi.

Oýnuň 23-nji minudynda "Ahalyň" jerime meýdançasyndaky düzgünleri bozandan soň, Begenç Alamow jerime urgusyny amala aşyrdy. Emma çempionlar boýun egerli däldi. Mergen Orazowyň şägirtleriniň açyk futboly öz miwesini berdi. "Merwiň" derwezesine tarap ýene bir synanyşyk jerime urgusyna, ýagny penaltä getirdi. Didar Durdyýewiň depen topy nyşandan sowa düşmedi. Toparlar arakesmä deňme-deň – 2-2 hasap bilen gitdiler.

– Arakesmede baş tälimçi oýunçylaryň her biriniň öňünde taktiki wezipeleri goýdy. Ikinji ýarymda derwezäni “gulp astynda” saklap, garşydaşlara gol geçirtmezlige çalyşdyk – diýip, Merwiň derwezeçisi Merdan Saparow sözüni dowam edýär.

2-1 (1).jpeg

Ikinji ýarymda Marynyň topary rahatlygyň we çydamlylygyň ýokary derejesini görkezdi. Ikinji bölegiň başynda Amangeldy Saparow ýene-de “Merwi” öňe çykardy.

– Biziň eýýäm çempiondygymyza garamazdan, hemmämiz biragyzdan diňe eňmeli, her oýunda ýeňiş gazanmaly diýen pikire gulluk edýäris. Şeýle-de bolsa, bu gün birneme gowşaklyk görkezdik, duşuşygyň ikinji ýarymynda ünslülik ýetmedi we esasy pursatlardan peýdalanmagy oňarmadyk – diýip, “Ahalyň” ýarymgoragçysy Ilýa Tamurkin düşündiriş berýär.

Jemleýji hasap 3:2. "Merw" "Ahaly" (70 utuk) ýeňmek bilen çempionatyň hasap sanawynda (43 utuk) üçünji setirde orun aldy. Munuň "Türkmennebitönümleri" baş müdirliginiň toparynyň häzirki oýunda ilkinji ýeňlişidigini bellemelidiris.

"Merwiň" “ökjesini basyp” gelýän "Kopetdag" (42 utuk) - 2: 0 hasabynda Türkmenbaşynyň "Şagadamyndan" (34 utuk) ynamly öňe geçdi.

Çempionatyň kümüş medalynyň eýesi – "Altyn Asyr" topary (58 utuk) paýtagt derbisinde "Aşgabady" (30 utuk) - 3:0 hasabynda ýeňmegi başardy, balkanabatly "Nebitçi" (17 utuk) özi ýaly baýrakly orunlara dalaş etmeýän başga bir topary – “Energetigi" ýeňmegi başardy – hasap 1:0 (15 utuk).

Artur PETROSÝANS

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Brýusselde türkmen metbugat wekiliýeti bilen Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigindäki ilçisiniň arasynda gepleşik geçirildi

Brýusselde türkmen metbugat wekiliýeti bilen Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigindäki ilçisiniň arasynda gepleşik geçirildi

17:09 Iýun 18, 2026
Köpetdagyň eteklerindäki seýsmiki gözegçilik halkara jemgyýetçiligine ýadro synaglarynyň gadagan edilmegine gözegçilik etmäge kömek edýär

Köpetdagyň eteklerindäki seýsmiki gözegçilik halkara jemgyýetçiligine ýadro synaglarynyň gadagan edilmegine gözegçilik etmäge kömek edýär

17:05 Iýun 18, 2026
«Neo-şygryýet» interaktiw sergisi myhmanlara Olimpiýa şäherçesindäki «Art-bazar» galereýasynda garaşýar

«Neo-şygryýet» interaktiw sergisi myhmanlara Olimpiýa şäherçesindäki «Art-bazar» galereýasynda garaşýar

16:40 Iýun 18, 2026