HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

BSGG hemmeleriň saglygyny goramak üçin täze onlaýn-usullary hödürleýär

Dekabr 17, 2022 | 16:03 |5435
Saglygy goraýyşyň hyzmatlary bilen ählumumy gurşalyp alynýan Günde BSGG hemmeleriň saglygyny goramak üçin iki sany onlaýn-usul hödürleýär – diýip, guramanyň resmi saýty habar berýär. Olaryň birinjisi, adamlary öz saglyklaryny goramak we aman-esenligine seretmek boýunça gündelik kararlary kabul edip bilmek üçin anyk maglumatlar bilen üpjün etmeli, ikinjisi – hökümetlere saglygy goraýyş babatynda hyzmatlaryň amatly toplumyny işläp düzmäge we ilata hödürlemäge kömek etmeli.Saglygy goraýyşyň hyzmatlary bilen ählumumy gurşalyp alynýan Günde BSGG hemmeleriň saglygyny goramak üçin iki sany onlaýn-usul hödürleýär – diýip, guramanyň resmi saýty habar berýär. Olaryň birinjisi, adamlary öz saglyklaryny goramak we aman-esenligine seretmek boýunça gündelik kararlary kabul edip bilmek üçin anyk maglumatlar bilen üpjün etmeli, ikinjisi – hökümetlere saglygy goraýyş babatynda hyzmatlaryň amatly toplumyny işläp düzmäge we ilata hödürlemäge kömek etmeli.
Çeşme:

Saglygy goraýyşyň hyzmatlary bilen ählumumy gurşalyp alynýan Günde BSGG hemmeleriň saglygyny goramak üçin iki sany onlaýn-usul hödürleýär – diýip, guramanyň resmi saýty habar berýär. Olaryň birinjisi, adamlary öz saglyklaryny goramak we aman-esenligine seretmek boýunça gündelik kararlary kabul edip bilmek üçin anyk maglumatlar bilen üpjün etmeli, ikinjisi – hökümetlere saglygy goraýyş babatynda hyzmatlaryň amatly toplumyny işläp düzmäge we ilata hödürlemäge kömek etmeli.

Sanly internet saýty «Siziň durmuşyňyz, siziň saglygyňyz: saglyk we aman-esenlik meseleleri boýunça peýdaly maslahatlar we maglumatlar» ähli ýaşdaky adamlar üçin saglyk meseleleri babatda anyk maglumatlary hödürleýär.

Hususan-da, onda göwrelilik döwründe we dogumdan soňra saglygy nähili berkitmelidigi, garrylyk döwründe saglygyňa seretmek we işjeň ýagdaýy saklamak barada esasy maglumatlar jemlenendir.

Döwrebap onlaýn-usul «saglygy goraýyşyň hyzmatlary bilen ählumumy gurşap almak maksady bilen hyzmatlaryň toplumyny hödürlemek we ornaşdyrmak» ýurtlara saglygy goraýyş hyzmatlaryny ählumumy üpjün etmek üçin lukmançylyk-sanitariýa (arassaçylyk) hyzmatlarynyň özboluşly toplumyny işläp düzmäge kömek eder.

Maksatnamanyň kömegi bilen lukmançylyk-arassaçylyk hyzmatlary bilen netijeli üpjün etmäge gerekli hünärmenlere bolan, esasy lukmançylyk serişdelerine bolan islegi, infrastruktura desgalaryna we beýleki düzüm böleklerine bolan talaby kesgitläp bolar.

Bu ýyl saglygy goraýyşyň hyzmatlary bilen ählumumy gurşap alma Güni «Öz işleýän dünýämizi guralyň: hemmeler üçin sagdyn geljek» şygary esasynda Katardaky futbol boýunça dünýä çempionatynyň çäklerinde geçdi. Sport we saglyk meseleleri boýunça hoşniýetlilik ilçisi, futbolyň taryhynda uly yz goýan meşhur Didýe Drogba şol Günüň baýramynyň esasy öňde baryjysy boldy.

ORIENT news
Surat: senatinform.ru

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmen milli dünýä dilleri institutynda aýdym-sazly dabara geçirildi

Türkmen milli dünýä dilleri institutynda aýdym-sazly dabara geçirildi

16:05 Oktýabr 17, 2026
Yrak ABŞ bilen Eýranyň arasyndaky konflikt sebäpli ýitgilerini 60 milliard dollara golaý diýip bahalandyrdy

Yrak ABŞ bilen Eýranyň arasyndaky konflikt sebäpli ýitgilerini 60 milliard dollara golaý diýip bahalandyrdy

16:00 Oktýabr 17, 2026
Pakistanda mekdebiň üçeginiň çökmegi azyndan 35 adamyň ölümine sebäp boldy

Pakistanda mekdebiň üçeginiň çökmegi azyndan 35 adamyň ölümine sebäp boldy

13:00 Oktýabr 17, 2026