18-nji dekabrda asteroid 2022 XC1 Ýere golaýlaşar


18-nji dekabrdan 19-njy dekabra geçilýän gije Aşgabat wagty bilen sagat 01.09-da 2022 XC1 asteroid sekuntda 7 km tizlik bilen Ýerden 3,19 mln km uzaklykdan uçup geçer. Asteroidiň golaýlaşýandygy barada in-space.ru. saýty habar berýär.
Asman jisimi alymlar tarapyndan birnäçe gün mundan öň - 11-nji dekabrda ýüze çykaryldy. Ol Apollon toparyna degişlidir we Ýer planetasyna hiç hili howp salmaýar. Astronomlaryň hasaplamalaryna görä, asteroidiň ölçegi 36 metre ýetýär.
Asteroidiň biziň planetamyz bilen indiki «duşuşygy» 2024-nji ýyly 12-nji iýunynda bolar. Şol gün ol takmynan 6,19 million kilometr uzaklykdan uçup geçer.
Şeýle hem 15-nji dekabrda Ýerden uzak bolmadyk aralykdan uly asteroid 206 RN35 uçup geçdi, onuň diametri 170 metrdir. Adamlar ony asmanda hiç bir esbapsyz adaty göz bilen hem gördüler.
ORIENT habarlar
Surayt: news.myseldon.com








