Ýaponiýanyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Daşary işler ministrleri Tokioda duşuşarlar


Daşary işler ministrleriniň "Merkezi Aziýa+Ýaponiýa" formatyndaky duşuşygy 24-nji dekabrda Tokioda geçiriler. Bu hasap boýunça dokuzynjy duşuşyk bolar we Ýaponiýanyň Daşary işler ministri Haýasi Ýesimasanyň başlyklyk etmeginde Iikura öýünde geçiriler. Bu barada Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat beýanatynda habar berilýär.
Ýaponiýanyň, Türkmenistanyň, Täjigistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň baş diplomatlary sebitdäki durnukly ösüş meselelerini ara alyp maslahatlaşarlar, Owganystandaky ýagdaýa we halkara gün tertibindäki beýleki temalara gararlar.
Ýaponiýa bu duşuşyga ep-esli wagtlap taýynlyk gördi we mejlisiň özara gyzyklanma döredýän ähli ugurlarda anyk hyzmatdaşlyga ýol açjakdygyna umyt baglaýar.
“Merkezi Aziýa+Ýaponiýa” forumynyň çäklerinde Ýaponiýanyň Daşary işler ministri Merkezi Aziýa döwletlerinden öz kärdeşleri bilen ikitaraplaýyn gepleşikleri geçirmegi hem meýilleşdirýär. Daşary işler ministrleri iň soňky gezek 2019-njy ýylyň maý aýynda Täjigistanda duşuşypdylar.
ORIENT news








