HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan-Azerbaýjan-Türkiýe bilelikdäki ulag geçelgesi “Gündogar-Günbatar” ugry boýunça ýolda köpri bolar

Dekabr 16, 2022 | 05:48 |5452
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow "Türkmenistan-Azerbaýjan-Türkiýe" täze ulag geçelgesini we bu täze ugur boýunça ýük gatnawyny utgaşdyrmak we optimallaşdyrmak üçin bitewi logistika merkezini döretmegi teklip etdi. Türkmenistan bu meselelere üçtaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek babatda garamagy teklip edýär.Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow "Türkmenistan-Azerbaýjan-Türkiýe" täze ulag geçelgesini we bu täze ugur boýunça ýük gatnawyny utgaşdyrmak we optimallaşdyrmak üçin bitewi logistika merkezini döretmegi teklip etdi. Türkmenistan bu meselelere üçtaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek babatda garamagy teklip edýär.
Çeşme:

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow "Türkmenistan-Azerbaýjan-Türkiýe" täze ulag geçelgesini we bu täze ugur boýunça ýük gatnawyny utgaşdyrmak we optimallaşdyrmak üçin bitewi logistika merkezini döretmegi teklip etdi. Türkmenistan bu meselelere üçtaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek babatda garamagy teklip edýär.

–Bu teklip üç döwletiň baştutanlarynyň 14-nji dekabrda Hazar deňziniň kenaryndaky Awaza milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen duşuşygynda öňe sürüldi – diýip, resmi türkmen metbugaty habar berýär. Mowzugy dowam etdirmek bilen, Serdar Berdimuhamedow Gündogar-Günbatar ugry boýunça ygtybarly ulag köprüsini döretmek işinde Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň öňdebaryjy rol oýnajakdygyny aýtdy. Bilelikdäki tagallalar taraplara beýleki halkara hyzmatdaşlar we esasy maýadarlar bilen ylalaşyk gazanmaga mümkinçilik berer.

Şonuň bilen birlikde, häzirki wagtda eýýäm bu ýurtlaryň üsti bilen ulag geçelgesi işleýär. Oňa "lapis lazuli" diýilýär we ol Türkmenistanyň Owganystan bilen serhedinden Azerbaýjanyň we Gruziýanyň çäginden Türkiýä uzaýar.

Orient news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Maryda, Balkanabatda we Türkmenbaşyda nebitgaz pudagynyň işgärleri üçin täze ýaşaýyş jaýlary gurlar

Maryda, Balkanabatda we Türkmenbaşyda nebitgaz pudagynyň işgärleri üçin täze ýaşaýyş jaýlary gurlar

07:02 Sentýabr 19, 2026
Türkmenistan BIEG we ÝPG bilen hyzmatdaşlykda intellektual eýeçilik ulgamyny ösdürýär

Türkmenistan BIEG we ÝPG bilen hyzmatdaşlykda intellektual eýeçilik ulgamyny ösdürýär

06:32 Sentýabr 19, 2026
«Tejenkarbamid» zawody dökünleriň önümçiligini artdyrar

«Tejenkarbamid» zawody dökünleriň önümçiligini artdyrar

06:30 Sentýabr 19, 2026