HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Täze Zelandiýa 2025-nji ýyla çenli Türkmenistan ýaly çilim çekilmeýän ýurt bolmak isleýär

Dekabr 15, 2022 | 08:14 |4582
Täze Zelandiýanyň parlamenti 2009-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan soň doglanlaryň ählisine temmäki önümlerini satmagy gadagan etmek hakynda kanun kabul etdi diýip, sişenbe güni radio RNZ habar berdi. Onuň maglumatlaryna görä, üçünji okaýyşda kabul edilen kanun “Aotearoa (Täze Zelandiýa) hökümetiniň ýurdy 2025-nji ýyla çenli çilim çekilmeýän ýurda öwürmek maksady ugrundaky ýene-de bir ädim” boldy.Täze Zelandiýanyň parlamenti 2009-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan soň doglanlaryň ählisine temmäki önümlerini satmagy gadagan etmek hakynda kanun kabul etdi diýip, sişenbe güni radio RNZ habar berdi. Onuň maglumatlaryna görä, üçünji okaýyşda kabul edilen kanun “Aotearoa (Täze Zelandiýa) hökümetiniň ýurdy 2025-nji ýyla çenli çilim çekilmeýän ýurda öwürmek maksady ugrundaky ýene-de bir ädim” boldy.
Çeşme:

Täze Zelandiýanyň parlamenti 2009-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan soň doglanlaryň ählisine temmäki önümlerini satmagy gadagan etmek hakynda kanun kabul etdi diýip, sişenbe güni radio RNZ habar berdi. Onuň maglumatlaryna görä, üçünji okaýyşda kabul edilen kanun “Aotearoa (Täze Zelandiýa) hökümetiniň ýurdy 2025-nji ýyla çenli çilim çekilmeýän ýurda öwürmek maksady ugrundaky ýene-de bir ädim” boldy.

Täze kanunyň temmäki önümlerinde nikotiniň rugsat edilen möçberini peseldýändigi, temmäki satmak boýunça söwda nokatlarynyň sanyny azaldýandygy, mundan başga-da, 2009-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan soň doglanlara temmäkini satyn almagyň ömürlik rugsat berilmejekdigi habar berilýär.

“Ýurt boýunça temmäkiň söwdasyny alyp barjak söwda nokatlarynyň sany häzirki alty müň bilen deňeşdirilende, dokuz esse azaldylar” diýip, radio Täze Zelandiýanyň saglygy goraýyş ministriniň orunbasary Aiş Werrallyň sözlerini getirýär. Ýagny, geljek ýylyň ahyryna çenli ýurtda temmäki önümlerini satýan nokatlaryň diňe 600-si galar diýip, ol düşündirdi.

RNZ-niň maglumatlaryna görä, häzir Täze Zelandiýada uly ýaşly ilatyň diňe 8% çilim çekýär, bu bolsa 10 ýyl mundan ozaldaky bilen deňeşdirilende, iki esse azdyr.

ORIENT-iň redaksiýasynyň adyndan şu babatda Täze Zelandiýanyň we Türkmenistanyň maksatlarynyň gabat gelýändigini bellemek isleýäris. Türkmenistan hem ýurduň temmäkiden azat zolak diýlip yglan edilip bilinjek senesini belledi. Aşgabat munuň 2025-nji ýyla çenli mümkin boljakdygyny hasaplaýar.

Haçanda şu material taýýarlanylýarka, RF-niň Döwlet Dumasynda Täze Zelandiýanyň mysalyndan ugur alyp, 2009-njy ýyldan soň doglanlara çilim satmagy gadagan etmegiň teklip edilendigi barada habar gelip gowuşdy. Şeýle teklip bilen Döwlet Dumasynyň deputaty Sultan Hamzaýew çykyş etdi. Ol bu çärä oňyn baha berip, Russiýada temmäkä garşy kanunçylygyň kabul edilmegi ugrunda çykyş etdi. Şunda ol mundan täsiriň dessine garaşyp bolmajakdygyny belledi. Mundan başga-da, deputat temmäkä garşy bir ugruň ýüze çykmagynyň öňüniň alynmagynyň ýurt üçin möhüm wezipe boljakdygyny nygtady. Parlamentari şeýle usulyň raýatlaryň kämillik ýaşyna ýeteninden soň, temmäkä bagly bolmazlygyna getirjekdigine ynam bildirdi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbegistanlylar daşary ýurt walýutasyny banklara has köp satyp başladylar

Özbegistanlylar daşary ýurt walýutasyny banklara has köp satyp başladylar

23:30 Iýun 25, 2026
Özbek halk tansy Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi

Özbek halk tansy Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi

23:20 Iýun 25, 2026
Dina Zaripowa Türkmenistanda geçiriljek «Tatar gyzy» bäsleşiginde Tatarystana wekilçilik eder

Dina Zaripowa Türkmenistanda geçiriljek «Tatar gyzy» bäsleşiginde Tatarystana wekilçilik eder

23:10 Iýun 25, 2026